Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi. Dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilen ägirt uly özgertmeleriň netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän giň gerimli tutumly işler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykardy. Netijede, uly ösüş-özgerişleri başdan geçirýän Berkarar döwletimiziň bütin dünýäde at-abraýy, şan-şöhraty barha artýar. Her bir güni täze ösüşlere, özgerişlere gurşalan, toý-baýramlara, şanly senelere beslenen döwletimiz bu gün milli Liderimiziň saýasynda bagtly geljege gadam basýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň, mukaddes Gurban baýramynyň, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň bir-birine utgaşyp giden günlerinde täze desgalaryň we ýollaryň, Halkara howa menziliniň açylyş dabaralary abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri, dünýä döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän ýurdumyzyň şanyna şan goşdy.
Saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleriň we bu ugry has-da kämilleşdirmekde alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da artýar. Ine, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen “Lukmançylyk biliminiň we ylmynyň ösüşinde telemedisinanyň orny“ atly ylmy-amaly maslahat hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleriň ýokary baha mynasypdygyny nobatdaky gezek görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda telemedisina ulgamyny kämilleşdirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen bilelikde alnyp barylýan Ýewropa Bileleşiginiň Tempus maksatnamasy boýunça „Türkmenistanda häzirki zaman okuw maksatnamalaryny telemedisina arkaly kämilleşdirmek“ atly taslamanyň çäklerinde geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň maksady iri senagat kärhanalarynda we çetki ilatly ýerlerde raýatlaryň saglygyna uzak aralykdan lukmançylyk gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny gazanmakdan ybarat bolup durýar.
Ylmy-amaly maslahatda Türkmenistan döwletimizde lukmançylyk ylmynda we biliminde geçirilýän özgertmeler, täze tehnologiýalaryň we döredijilik gözlegleriniň bilimiň hilini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti, okatmagyň we hünär kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary, öňdebaryjy iş tejribesi barada täsirli hem-de gymmatly pikirler orta atyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy we ony ýerine ýetirmegiň 2015-2017-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyp, bu ugurdaky işler uly depginlerde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, okuw işlerini kämilleşdirmek, berilýän bilimi dünýä tejribesiniň täze gazananlarynyň derejesine ýetirmek, talyplary ylmy-barlag we bejeriş işlerine ugrukdyrmak babatynda uly işleri alyp barýar. Biziň uniwersitetimizde okadylyş usulyýetiniň netijeliligini artdyrýan kämil we öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty ýurduň her bir raýatynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, bilimini ösdürmäge, saglygyny gorap saklamaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy” saglygy goraýyş, lukmançylyk bilim we ylym ulgamlaryna üstünlikli ornaşdyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda zerur özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, keselleriň öňüni almakda, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy merkezleri bilen ylmy taýdan hyzmatdaşlyk etmek boýunça telemedisinanyň girizilmegi lukmançylyk hyzmat derejesini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Telemedisina şol birwagtyň özünde köp sanly talyplara bilim bermek we lukmançylyk ylmynyň dürli pudaklaryna degişli kämil hünärmenleriň beýanlaryny diňlemek mümkinçiligini döredýär.
Telemedisina lukmançylyk ylmynda ýüze çykan täze ugurlaryň biridir. Şolaryň çäginde lukman hünärmenleri taýýarlamakda her günde diýen ýaly täze torlary ýüze çykýan telemedisina ulgamyny ýokary okuw mekdepleriniň tejribesine girizmek ýola goýulýar.Ýurdumyzda telemedisinany ösdürmek mümkinçiligi okatmakda-da täze usullary girizmegi talap edýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda telemedisina häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryny we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmaga esaslanan, bilimde we lukmançylykda wajyp ugur bolup durýar.
Biz Berkarar döwletimizde saglygy goraýşy ösdürmekde şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan ajaýyp işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Ogulgeldi Annaýewa,
TDLU-nyň patologik fiziologiýa kafedrasynyň müdiri.