Ozal öý­de di­ňe be­zeg mak­sat­ly gül­ler ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bol­sa, soň­ky ýyl­lar­da bak­ja önüm­le­ri we ot­lar hem ös­dü­ril­ýär. Köp ilat­ly şä­her­ler­de jaý­la­ryň üçek­le­ri ýa-da bal­kon­la­ry ter gök önüm­le­ri iý­mek mak­sa­dy bi­len “ekin meý­da­ny” hök­mün­de ula­nyl­ýar. “Click &Grow” kom­pa­ni­ýa­sy öý şert­le­rin­de bak­ja ekin­le­ri ekip bol­jak ul­gam iş­läp taý­ýar­la­dy. “The Wall Farms” at­ly ul­gamy äh­li ýa­pyk ýer­ler­de otur­dyp bol­ýar. Ol iki bö­lek­den yba­rat bo­lup, ösüm­lik­le­riň na­hal­la­ry otur­dy­lan­dan soň­ra aw­to­mat usul­da ideg ed­ilýär. Kis­lo­ro­dyň, su­wuň we beý­le­ki mi­ne­­ral­la­ryň nä­çe­räk ge­rek­di­gi­ni ul­ga­myň özi saz­la­ýar. “Click &Grow”-yň be­ren mag­lu­ma­ty­na gö­rä, bu ýer­de ös­dü­ri­lýän gök ekin­le­ri­niň dü­zü­min­de has köp wi­ta­min bar. Üs­te­si­ne na­hal­lar adat­da­ky­syn­dan 30 gö­te­rim çalt ös­ýär. Bu ul­ga­myň 299 we 799 dol­lar­lyk iki gör­nü­şi bar. Mun­dan ozal hem şeý­le en­jam­lar sa­tu­wa çy­ka­ry­lyp­dy.