Köp ilat­ly käbir şä­her­lerde ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy ta­la­ba­la­ýyk bol­ma­ýar. Onuň öňü­ni al­mak üçin dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Dün­ýä­niň iň köp ýa­şaý­jyly ýur­dy Hy­ta­ýyň paý­tag­tyn­da ho­wa aras­sa­laý­jy iň uly des­ga gu­rul­dy. Bu ul­gam mun­dan ozal, Gol­lan­di­ýa­nyň Rot­ter­dam şä­he­rin­de hem ýo­la goý­lup­dy. 7 metr­lik diň gör­nüş­li en­jam elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär. Ol sa­gat­da 30 müň kub metr aras­sa ho­wa­ny bö­lüp çy­kar­ýar. Ol ho­wa­da­ky ki­riň 75 gö­te­ri­mi­ni tut­ýar. “Smog Free” at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de iş­le­nip taý­ýar­la­nan ul­ga­myň ýü­zük we ilik gör­nüş­li­si hem bar. Ol ho­wa­da­ky ha­pa bö­le­jik­le­ri­ni ýyg­na­ýar. Taslamany taýýarlan Da­an Roo­se­gaar­de bir­nä­çe baý­ra­ga my­na­syp bo­lan “Smog Free” tas­la­ma­sy­ny gel­je­giň “akyl­ly” şä­her­le­ri­niň baş­lan­gy­jy ha­sap­la­ýar. Roo­se­gaar­de gel­jek­de hem adam­za­dyň ýa­şaý­şy­ny ýe­ňil­leş­dir­mek üçin zäh­met çek­jek­di­gi­ni aýd­ýar.