Beý­le­ki pla­ne­ta­lar­da we as­man ji­sim­le­rin­de ulan­mak mak­sa­dy bi­len hä­zi­re çen­li dür­li öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýän en­jam­lar işlenip taý­ýar­lan­dy. Go­laý­da NA­SA şeý­le mak­sat bi­len RAS­SOR (“Re­go­lith Advanced Sur­face Sys­tems Ope­ra­tions Ro­bot”) at­ly tä­ze ro­bo­t ýa­sap­dyr. Bu en­jam beý­le­ki pla­ne­ta­la­ryň top­ra­gy­ny bar­la­mak­da ula­ny­lar. Ol du­ran ýe­rin­de öz da­şyn­dan aý­la­nyp bil­ýär we ýy­ky­lan ýag­da­ýyn­da ýe­ne-de dik­le­nip bil­ýär. Ro­bot ýer­dä­ki ma­te­rial­la­ry alyp, baş­ga ýe­re äki­dip bil­ýär. Ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çi­rip bil­ýän en­jam be­ýi­ge hem çy­kyp bil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Mars­da yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mä­ge ýar­dam ed­ýän “Curio­si­ty”-den bäş es­se tiz he­re­ket ed­ýär. Onuň ýük göterijiligi 19 ki­log­ram. Robotyň ha­çan işe gi­ri­zil­jek­di­gi we ni­rä ug­ra­dyl­jak­dy­gy hä­zir­lik­çe mä­lim edil­me­di.