Golaýda Hytaý Halk Respublikasy özüniň baş baýramyny – döredileniniň 67 ýyllygyny uludan baýram etdi. Şol günler iş güni däl diýlip, yglan edildi. Ýagny oktýabr aýynyň ilkinji günlerinde ýurduň syýahatçylyk pudagy has-da işjeňleşdi. Dynç günleriniň ilkinji 4 gününde (1-4-nji oktýabr) Hytaýyň gözel ýerlerine 415 million adam baryp gördi. Bu barada ýurduň Syýahatçylyk boýunça döwlet edarasy habar berýär.
Syýahatçylyk girdejisi ep-esli köpelip, 340 milliard ýuana (50 milliard dollar) golaýlady. Diňe 3-nji oktýabr güni syýahatçylyk mekanlaryna 108 million adam baryp, olaryň sarp eden pulunyň möçberi 88 milliard ýuana deň boldy.
Hytaýyň Demir ýol korporasiýasynyň maglumatyna görä, 4 günüň dowamynda 47,73 million ýolagçy gatnadylyp, 10,5 göterim ösüş gazanyldy. Ýurduň Syýahatçylyk akademiýasynyň çaklamalaryna görä, şu hepdäniň ahyryna çenli ýerli syýahatçylaryň sarp edýän pulunyň möçberi 480 milliard ýuana golaýlar.
Şeýle hem “Ženmin žibao” gazetiniň habar bermegine görä, Hytaýda ýokary tizlikli otlular üçin ýeriň aşagynda stansiýa gurmak göz öňünde tutulýar. Demir ýol wokzaly 102 metr çuňlukda gurlup, onuň meýdany 36 müň inedördül metre barabar bolar. Badalindäki stansiýa Pekin şäherinden 80 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ol 2022-nji ýylda geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary üçin görülýän taýýarlygyň esasynda gurulýar.