2015-nji ýylyň jemleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň ABŞ-da özleşdiren maýa goýumlarynyň möçberi 8 milliard dollara golaýlady. Ol bolsa, hytaýly kompaniýalaryň bu ýurtdaky sanynyň barha artýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu barada Hytaýyň Söwda ministrligi hem-de Döwlet statistika edarasy habar berýär. Hytaýly işewürler maýa goýumlaryň agramly bölegini önümçilik pudagyna gönükdirýärler. Bu ugurdaky maýa goýmuň möçberi 4 milliard dollara barabar boldy. Esasan hem, maşyngurluşyk, polat önümçiligi, lukmançylyk we ulag enjamlarynyň önümçiligi ýaly ugurlarda köp işler edilýär.
Hasabat döwründe Hytaýyň kompaniýalary ABŞ-da 97 geleşige gol çekişip, onuň möçberi 13,1 milliard dollara barabar boldy. Häzirki wagtda Hytaý daşary ýurt maýa goýmunyň möçberi boýunça dünýäde ABŞ-dan soňra ikinji orunda durýar.
Hytaýyň daşary ýurtlardaky maýa goýumlary 2015-nji ýylda 18,3 göterim artyp, 146 milliard dollara deň boldy. Bu görkeziji Hytaýda amala aşyrylan 136 milliard dollara golaýlan daşary ýurt maýa goýmundan köp boldy.