Boliwiýa tebigy gaz önümçiligini ýokarlandyrýar. Ýurduň «Margarita-Uakaýýa» ýatagyndaky gözleg işleriniň netijesinde, bu ýerde her gün 3 million kubometr tebigy gazy çykarmaga mümkinçiligiň bardygy mälim edildi. Bu barada Günorta Amerikada ýerleşýän ýurduň Prezidenti Ewo Morales habar berdi.
– Biziň tebigy gaz gorumyz kän. Uakaýýa-2 gaz käninden her gün 3 million kubometr tebigy gaz çykarmaga mümkinçilikbar. Bu tebigy gaz önümçiligi bilen içerki we daşarky bazaryň üpjünçiligini kanagatlandyrmak bolar. Şeýlelikde, biz Çukisaka sebitindäki tebigy gazyň öndürilişini artdyrarys – diýip, Ewo Morales gürrüň berdi. Ýurduň döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, 2023-nji ýyla çenli ýurtda bir günki öndürilýän tebigy gazyň möçberini 16 million kubometre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
Boliwiýanyň döwlet nebitgaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Gilýermo Açi “Uakaýýa-2” ýatagynda gözleg işleriniň 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda başlanandygyny habar berdi. Taslamanyň maýa goýum bahasy 112 million dollara barabardyr. Şu ýylyň 10-njy oktýabrynda Ispaniýanyň “Repsol” nebitgaz kompaniýasy bilen bilelikde, bu ýerdäki işleriň ýola goýulmagyna bagyşlanyp, resmi dabara geçiriler.
Boliwiýa Latyn Amerikasy sebitinde Wenesueladan hem-de Trinidad we Tabogodan soňra tebigy gaz gory boýunça 3-nji orunda durýar. Soňky maglumatlara görä, ýurduň subut edilen tebigy gaz gorunyň möçberi 296 milliard kubometre deňdir.