ABŞ-nyň «Caelus Energy» kompaniýasy Alýaskada iri nebit ýatagynyň üstünden barlandygyny mälim etdi. Bu barada “The Wall Street Journal” gazeti habar berýär. “Apollo Global Management LLC” hususy gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän bu kompaniýa geçiren gözleg işleriniň netijesinde, täze ýatagyň ýerleşýän ýerini kesgitledi. Bu ýerde ýylda 1,8-2,4 milliard barrel nebit öndürmäge mümkinçiligiň bardygy aýdylýar.
– Bu ýerde nebit öndürmek aňsat düşmez. Ýöne biziň dünýäniň dürli ýerlerinde şeýle taslamalarymyz bar – diýip, kompaniýanyň ýerine ýetiriji müdiri Jeýms Mýusselman gürrüň berýär. Kompaniýa bu ýerde 200 kilometre uzap gidýän turba geçiriji gurup, öndürilýän nebit önümlerini daşamagy göz öňünde tutýar. Bu taslamanyň bahasy 800 million dollara golaýlar.