Meksikanyň paýtagty Mehikoda 4,8 kilometr uzynlykda urganly ýol çekildi. Onuň açylyş dabarasyna ýurduň Prezidenti Enrike Penýa Nýeto we Mehiko ştatynyň gubernatory Eruwiel Awila Wilegas gatnaşdy. Ýerine ýetirilen bu taslamanyň umumy bahasy 1 million dollara deň boldy.
Ol dagyň belentliklerindäki etraplarda ýaşaýan ýerli halkyň bu ýere arkaýyn barmagy üçin giň mümkinçilikleri döreder. Bu ýoluň ugrunda 18 adama niýetlenen 190 kabina hereket eder. Ol bu ugurda 7 duralgada saklanyp geçer. Çaklamalara görä, her gün ulagyň bu görnüşinden 29 müň adam peýdalanar. Ýol nyrhy 6 peso bolup, ol 0,33 dollara deňdir. Taslama üçin özleşdirilen maýa goýumyň bahasy 1,7 milliard peso, ol hem 1 million dollara barabardyr. Onuň 60 göterimi hususy pudagyň hasabyna maliýeleşdirildi.
Mehikonyň Ekatepeke etrabynda 1,6 milliondan gowrak raýat ýaşaýar. Ol şäheriň etegindäki iň gür ilatly ýaşaýyş merkezidir.