For­mu­la 1 dün­ýä çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň 16-njy ýa­ry­şyn­da ýe­ňi­ji üýt­ge­di. Mun­dan öň­ki 10 bäs­le­şik­de “Mer­se­des” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri ge­zek­li-ge­ze­gi­ne 1-nji ýe­ri eýe­le­ýär­di. Ýö­ne Ma­laý­zi­ýanyň Se­lan­gor we­la­ýa­tyn­da­ky 5543 metr­lik “Se­pang” tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ry­şy “Red Bull” to­pa­ry­nyň awst­ra­li­ýa­ly pi­lo­ty Da­ni­el Rik­ki­ar­do ýe­ňiş bi­len ta­mam­la­dy. Ol 56 aý­la­wlyk bäsleşigi 1 sa­gat 37 mi­nut 12,776 se­kunt­da ge­çip, şu ýyl­ky il­kin­ji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 4-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. On­dan pel­le­ha­na 2,4 se­kunt giç ge­len to­par­da­şy, gol­lan­di­ýa­ly Maks Wers­tap­pen 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Şeý­le­lik­de, 2013-nji ýyl­dan soň “Red Bull” to­pa­ry F1-de go­şa üs­tün­lik ga­zan­dy. Bäs­le­şi­ge il­kin­ji ha­tar­dan bat alan ýö­ne baş­lan­gyç­da soň­ky or­na dü­şen sa­na­wyň li­de­ri Ni­ko Ros­berg ýe­ňi­ji­den 25,5 se­kunt­lyk az ne­ti­je gör­ke­zip, 3-nji­lik bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy. 4–5-nji orun­la­ry finl­ýan­di­ýa­ly pi­lot­lar – “Fer­ra­ri­den” Ki­mi Ra­ik­ko­nen hem-de “Wil­liams­dan” Walt­te­ri Bot­tas eýe­le­di. Soň­ky çem­pi­on bri­ta­ni­ýa­ly Le­wis Ha­mil­ton (“Mer­se­des”) 38-nji aý­law­da ula­gyn­da dö­rän nä­saz­lyk se­bäp­li ýa­ryş­dan çyk­ma­ly bol­dy.
Ma­laý­zi­ýa “Gran Pri­sin­den” soň, sa­na­wyň li­de­ri Ni­ko Ros­berg utu­gy­ny 288-e çy­kar­dy. Şu ýyl 2-nji ge­zek utuk ga­za­nyp bil­me­dik Ha­mil­ton 265 utuk bi­len 2-nji bas­gan­çak­da bar­ýar. 3-nji ha­tar­da­ky soň­ky bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si Da­ni­el Rik­ki­ar­do­nyň 204 utu­gy bar. Möw­sü­miň no­bat­da­ky bäs­le­şi­gi er­tir Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ri­ler.