Ge­çen hep­de luk­man­çy­lyk, fi­zi­ka, hi­mi­ýa we pa­ra­hat­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça No­bel baý­rak­la­ry gow­şu­ryl­dy. Üs­tü­miz­dä­ki hep­dä­niň ba­şyn­da bol­sa yk­dy­sa­dy­ýet ug­ry bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. Bu ugur­da­ky baý­ra­ga Oli­wer Hart hem-de Bengt Holmst­rem my­na­syp bol­dy. Bu ba­ra­da şwed Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy ha­bar ber­di. No­bel baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­ne 8 mil­li­on şwed kro­ny tak­my­nan, 931 müň dol­lar pul baý­ra­gy be­ril­ýär.
Gar­ward uni­wer­si­te­ti­niň be­ýik bri­ta­ni­ýa­ly aly­my Oli­wer Hart hem-de Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň finl­ýan­di­ýa­ly yk­dy­sa­dy­ýet­çi­si Bengt Holmst­rem yla­la­şyk­la­ryň teo­ri­ýa­sy­ny iş­läp düz­di­ler. Bu ugur­da­ky köp dür­li me­se­le­le­riň esa­syn­da iş­le­nip dü­zü­len teo­ri­ýa baý­ra­ga my­na­syp bol­dy.
Ge­çen ýyl bu ugur­da­ky baý­ra­ga An­gus Di­ton my­na­syp bo­lup­dy. Yk­dy­sa­dy­ýet­çi öz yl­my işin­de dur­muş me­se­le­le­ri­ne de­giş­li ugur­lar­da tä­ze ugur­la­ry hö­dür­läp­di.
Yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy 1968-nji ýyl­da dö­re­di­lip­di. Ol Şwe­si­ýa­nyň ban­ky ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len hem bol­sa, No­bel baý­ra­gy hök­mün­de ta­nal­ýar. Alf­red No­bel öz wes­ýet­na­ma­syn­da yk­dy­sa­dy­ýet ug­ru­ny gör­kez­män­dir. Bu ugur­da­ky da­laş­gär­le­ri hö­dür­le­me­giň wag­ty sent­ýabr aýyn­dan baş­lap, 31-nji ýan­wa­ra çen­li do­wam ed­ýär.
Şeýle hem, şwed aka­de­mi­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry ame­ri­kan sa­zan­da­sy, ýa­zy­jy­sy we su­rat­ke­şi Bob Di­la­ny No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­dy. Ol “Be­ýik ame­ri­kan saz ýö­rel­ge­le­ri­niň çar­çu­wa­syn­da tä­ze şa­hy­ra­na ga­ra­ýyş­la­ry dö­re­den­li­gi” üçin bu baý­ra­ga my­na­syp bol­dy” diý­lip aka­de­mi­ýa­nyň met­bu­gat üçin be­ýan­na­ma­syn­da mä­lim edil­ýär. Şeý­le hem, Bob Di­lan 2008-nji ýyl­da ame­ri­kan sa­zy­na go­şan go­şan­dy üçin Pu­lit­ser baý­ra­gy­na hem my­na­syp bo­lup­dy.
Ol 2001-nji ýyl­da “Things Have Chan­ged” fil­mi üçin “Os­kar” baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lup­dy. Şeý­le­lik­de, aý­dym­çy ta­ryh­da “Os­kar” we ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­ny alan ikin­ji adam­dyr. Mun­dan ozal şeý­le baý­rak­la­ra iňlis ýazyjysy Ber­nard Şou my­na­syp bo­lup­dy. Şwed aka­de­mi­ýa­sy­nyň ka­ra­ry mä­lim edil­mez­den ozal, bi­ler­men­ler bu baý­ra­ga ýa­pon ýa­zy­jy­sy Hu­ru­ki Mu­ra­ka­mi­niň, ke­ni­ýa­ly ýa­zy­jy, dra­ma­turg Hgu­gi Wa Thion­gonyň, ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Loýs Ke­rol Out­syň, Pu­lit­ser baý­ra­gy­nyň eýe­si Fi­lip Ro­tyň da­laş­gär bolup biljekdijklerini mä­lim edip­di­ler. Ge­çen ýyl bu baý­ra­ga be­la­rus ýa­zy­jy ze­na­ny Swet­la­na Alek­si­ýe­wiç my­na­syp bo­lup­dy.