ABŞ-nyň Kaliforniýa uniwersitetiniň işgärleri kanadaly, beýik britaniýaly, ABŞ-ly, daniýaly, ispaniýaly we sloweniýaly 122271 ene-atanyň (68532 ene we 53739 ata) 1965- 2012-nji ýyllar aralygyndaky maglumatlarynda seljeriş işlerini geçirdiler. Hünärmenler ene-atalaryň öz çagalaryna näçe wagtyny sarp edýänligi bilen gyzyklandylar.
Barlag geçirijiler biziň günlerimizde ene-atalaryň ozalkylara garanyňda, öz çagalary bilen has-da köp wagtyny geçirýärler diýen netijä geldiler. Şeýlelikde, 1965-nji ýylda eneler öz çagalaryna günde 54 minutyny sarp eden bolsalar, 2012-nji ýylda 104 minutyny sarp eden ekenler. Atalar öz çagalary bilen 4 esse köp wagtyny geçirip başlan ekenler. Olar 1965-nji ýylda çagalaryna günde 16 minut, 2012-nji ýylda bolsa, 59 minutyny sarp eden ekenler.
Soňra alymlar dürli derejedäki bilimli ene-atalary deňeşdiripdirler. Hünärmenler ýokary bilimli eneler çagalaryna seretmäge günde 123 minutyny, orta bilimli eneler bolsa, 94 minutyny bagyşlan ekenler. Ýokary bilimli atalar çagalar bilen günde 74 minut töweregi, orta bilimli atalar bolsa, 50 minutyny sarp edipdir.