Tennis boýunça zenanlaryň arasynda 20 ýyldan bäri geçirilip gelinýän “Hytaý Açyk” bäsleşiginde polşaly Agnieşka Radwanska ýeňiji boldy. 27 ýaşyndaky tennisçi finalda Beýik britaniýaly Ýohanna Kontany 2 setiň dowamynda ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji setde 6–4, 2-nji setde-de 6–2 hasabynda garşydaşyndan üstün çykan Radwanska 2011-nji ýylda-da “Hytaý Açykda” çempion bolupdy. Şunlukda, Radwanska karýerasy boýunça 20-nji WTA çempionlygyny gazandy. Şu ýylky ýaryşda ýeke setde-de utulmadyk Radwanska 2009-njy ýylda finalda Swetlana Kuznesowadan asgyn gelipdi. Zenanlar üçin umumy pul gaznasy 6,3 million dollar bolan ýaryşda Radwanska 1,11 million dollarlyk pul sylagy berildi.
“Hytaý Açyk” tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda Beýik britaniýaly Endi Mýurreý bu ýerdäki ilkinji ýeňşini baýram etdi. Ol erkekler üçin umumy pul baýragy 2,9 million dollara deň bolan ýaryşyň finalynda bolgariýaly Grigor Dimitrowy 2–0 (6–4, 7–6) hasabynda utdy. Şu ýylyň dowamynda “Wimbledon” hem-de Olimpiýa oýunlarynda çempion bolan Endi Mýurreýiň ATP karýerasyndaky ýeňişleriniň sany 40-a ýetdi. “Hytaý Açyk” tennis ýaryşy erkekleriň arasynda bu ýyl 18-nji gezek guraldy.