For­mu­la 1 dün­ýä çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň 17-nji ýa­ry­şy bo­lan Ýa­po­ni­ýa “Gran Pri­si” ýur­duň Su­zu­ka şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Şä­he­riň ady­bir 5807 metr­lik tras­sa­syn­da­ky 53 aý­law­dan yba­rat bäs­le­şi­kde “Mer­se­des” to­pa­ry­nyň ne­mes sü­rü­ji­si Ni­ko Ros­berg il­kin­ji ha­tar­dan bat al­dy. Ol şol dur­ku­ny bäs­le­şi­giň so­ňu­na çen­li sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Şun­luk­da, Ros­berg 53 aý­la­wy 1 sa­gat 26 mi­nut 43,333 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bu onuň şu ýyl­ky 9-njy, kar­ýe­ra­syn­da­ky 23-nji ýeň­şi­dir. 2-nji ha­tar­dan ýa­ry­şa go­şu­lan “Mer­se­des” to­pa­ry­nyň beý­le­ki pi­lo­ty bri­ta­ni­ýa­ly Le­wis Ha­mil­ton eý­ýäm baş­lan­gyç­da 8-nji or­na düş­di. Ýö­ne soň­lu­gy bi­len, ti­je­nen Ha­mil­ton 3-nji bas­gan­ça­ga çen­li çyk­ma­gy ba­şar­dy. Soň­ky aý­law­da eden hü­jü­mi bi­len 2-nji ýer­dä­ki “Red Bul­luň” sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pe­ni oz­mak­çy bol­sa-da bu oňa ba­şart­ma­dy. Ne­ti­je­de, Ros­berg­den 4,978 se­kunt yza ga­lan gol­lan­di­ýa­ly Maks Wers­tap­pen 2-nji, pel­le­ha­na 5,776 se­kunt­lyk giç ge­len Le­wis Ha­mil­ton 3-nji or­ny eýe­le­di. “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri Se­bas­ti­an Wet­tel bi­len Ki­mi Ra­ik­ko­nen 4–5-nji, ge­çen­ki Ma­laý­zi­ýa “Gran Pri­si­niň” ýe­ňi­ji­si, “Red Bull­dan” Da­ni­el Rik­ki­ar­do 6-njy, “Fors In­dia­nyň” pi­lot­la­ry Ser­hio Pe­rez bi­len Ni­ko Hul­ken­berg 7–8-nji hem-de “Wil­liams­dan” Fe­li­pe Mas­sa bi­len Walt­te­ri Bot­tas 9–10-njy ýer­le­re my­na­syp bol­dy.
Ýe­ne-de 4 bäs­le­şi­gi ga­lan F1-de hä­zir­lik­çe Ni­ko Ros­ber­giň li­der­li­gi do­wam ed­ýär. Kem-kem­den utuk sa­ny­ny art­dyr­ýan Ros­ber­giň 313 utu­gy bar. 280 utuk top­lan soň­ky çem­pi­on Le­wis Ha­mil­ton 2-nji, 212 utuk­ly Da­ni­el Rik­ki­ar­do 3-nji bas­gan­çak­da bar­ýar. Möw­sü­miň in­di­ki bäs­le­şi­gi 23-nji okt­ýabr­da ABŞ-nyň Te­has şta­tyn­da ge­çi­ri­ler.