Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygyna barha ýakynlaşýan günlerimizde Diýarymyzyň ähli künjegi dürli dabaralara beslenýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ähli giň gerimli özgertmeler maksatnamalary halkymyzyň asuda, abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde obalarymyz döwrebap keşbe eýe bolup, şäherler bilen bäsleşýär. Türkmen Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap şäherçeleri gurlup, halkymyzyň hyzmatyna hödürlenýär. Şu ýylyň dowamynda döwrebap şäherçeleriň birnäçesiniň açylyş dabarasynyň şaýady bolduk.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” rejelenen görnüşiniň durmuşa geçirilmegi şol syýasatyň möhüm ugrudyr. Mälim bolşy ýaly, şu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berlen 2007-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş maksatly desgalaryň 830-dan gowragy, 4,5 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy. Şeýle hem onlarça müň kilometr ulag ýollary, suw geçirijiler, gaz geçirijiler, telefon ulgamy we elektrik geçirijiler çekildi. Bu işleriň hemmesine ABŞ-nyň 6,5 milliard dollary goýberildi.
2015-nji ýylyň fewralynda maksatnamanyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy, ulag düzüminiň, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynyň ösüşi, hemişe bolşy ýaly, maksatnamanyň möhüm ugurlaryny düzdi. Umuman, 2020-nji ýyla çenli ABŞ-nyň 7,5 milliard dollaryndan gowrak maýa goýum serişdelerini özleşdirmek meýilleşdirilýär. Şunda nusgalyk täze obalaryň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, ägirt uly kuwwatynyň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Döwletimiz täze obalaryň ýaşaýjylaryna ýeňillikli karz serişdelerini berip, olaryň isleglerini kanagatlandyrdy. Täze jaýa göçüp gelenler jaýyň umumy bahasynyň 10 göterimini töläp, galan serişdäni ujypsyz göterim bilen 30 ýylyň dowamynda tölärler.