Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gyç­la­ry bi­len dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik ga­zan­ýan­dy­gy­na oba ho­ja­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­niň ös­ýän gör­ke­zi­ji­le­ri şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýur­duň oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­mu­şyn­da ge­çip bar­ýan ýyl­da mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­süm­le­ri­niň üs­tün­lik­li jem­le­ri gu­wan­dy­ry­jy wa­ka bol­dy. Türk­men pag­ta­çy­la­ry öň­de goý­lan borç­na­ma­la­ryny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­rip, Wa­ta­n har­ma­ny­na 1 mil­li­on 50 müň ton­na “ak al­tyn” tab­şy­ryp, uly zäh­met ýe­ňi­şi­ni ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar.
21-nji okt­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ryn­dan, şeý­le hem Ahal, Da­şo­guz, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň hä­kim­le­rin­den pag­ta ýyg­na­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­di­gi ba­ra­da hoş ha­bar­la­ry ka­bul et­di. Wi­se-prem­ýer R.Ba­za­ro­wyň ha­sa­bat ber­şi ýa­ly, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­ly­gy­nyň öň­ýa­nyn­da pag­ta­çy kä­ren­de­çi­le­ri­mi­ziň yh­las­ly zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de “ak al­ty­nyň” bol ha­sy­ly­nyň 1 mil­li­on 50 müň ton­na­dan gow­ra­gy Wa­tan har­ma­ny­na tab­şy­ryl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­de hem oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri ha­kyn­da, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek hem-de daý­han­la­ryň ön­jeý­li zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin aja­ýyp şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da ala­da et­jek­di­gi­ni aýt­dy. We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy eziz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­nyň öň­ýa­nyn­da türk­men daý­han­la­ry­nyň ga­za­nan uly zäh­met üs­tün­li­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy­lar. Olar öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­rip, pag­ta ha­sy­ly­nyň soň­ky üb­tü­gi­ne çen­li ýyg­nap al­mak üçin ýo­ka­ry dep­gin­ler­de zäh­met çek­me­gi do­wam ed­ýär­ler. Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar – Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň eder­men daý­han­la­ry­nyň pag­ta taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi bi­len gut­lap, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň her bir gü­nüniň hal­ky­my­zyň şan­ly wa­ka­la­ry­na we zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­len­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň oba­se­na­gat top­lu­my­ny ös­dür­mä­ge ber­ýän ägirt uly ün­si, hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­let gol­da­wy daý­han­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin aja­ýyp şert­le­ri dö­ret­di. Daý­han­la­ra dö­kün­le­riň, ýo­ka­ry hil­li to­hum­la­ryň ar­zan ba­ha­lar­dan be­ril­me­gi, ola­ryň döw­re­bap teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün edil­me­gi we beý­le­ki çä­re­ler oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek we onuň zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ry ba­ra­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da ed­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­ril­di, şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, eziz Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan ýa­daw­syz iş­le­rin­de eg­sil­mez gu­jur-gaý­rat we tä­ze üs­tün­lik­ler ar­zuw edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ba­ba­daý­han­la­ry, oba ho­ja­ly­gy­nyň äh­li zäh­met­keş­le­ri­ni şu gün­ki aja­ýyp wa­ka bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, ola­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de ata Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw edip, “Eder­men pag­ta­çy­lar, çä­ji­ňi­ze be­re­ket! Be­re­ket­li top­ra­gy­my­zyň bol­çu­ly­gy mun­dan beý­läk-de art­syn!” di­ýip ýüz­len­di.1-million-50-mun-tonna