Şu ýylyň 26-njy oktýabrynda «Aşgabat” köpugurly sport toplumynda ýurdumyzda bellenýän iň ajaýyp, iň naýbaşy baýrama—Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan uly baýramçylyk çykyşlary boldy.

Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy we deputatlary, hormatly il ýaşulylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar. Bu ýerde, hormatly myhmanlaryň arasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahatyna gatnaşan daşary ýurtly ildeşlerimiz, şeýle hem köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bar.

Dabaranyň çäklerinde köp sanly görkezme çykyşlary ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň folklor toparlarynyň çykyşlary bu ýere gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy.