Türkmen halky baş milli baýramyny – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna 25 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyrylan ählihalk dabaralary ruhubelentlik hem-de agzybirlik ýagdaýynda geçirilýär.
Ýurdumyzyň baş meýdançasy hemmeleri baýramçylyk lybasynda garşylady. Bu ýere müňlerçe adam ýygnandy. Merkezi münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary bar.
Ägirt uly baýramçylyk dabarasy harby ýörişden başlandy. Ol türkmen esgerleriniň ýokary taýýarlygyny hem-de ussatlygyny görkezdi.
Türkmenistanyň Garşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna Döwlet münberiniň öňünde bolup geçýän uly dabaralaryň dowamyny, däp boýunça, atlylaryň görkezme çykyşlary boldy.
Dabaraly ýöriş dowam edýär, şowhunly aýdym-sazlar we joşgunly tanslar oňa ajaýyp baýramçylyk ösüşginini goşýar. Ählihalk toýy türkmen topragyny gurşap aldy!