Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň ähli etraplary bilen bir hatarda, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyrylýar. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele gelýär. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edilýär. Gülläp ösýän Aşgabat bagy-bossanlyga öwrülen şäher diýlip atlandyrylýar, sebäbi onuň keşbini köpsanly has oňaýly seýilgähler, suw çüwdürimleriniň toplumlary bezeýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen paýtagtynyň häzirki zaman binagärlik keşbini döretmek, ony dünýäniň iň bir gözel şäherleriniň birine öwürmek meselesi milli Liderimiziň elmydama üns merkezinde durýar. Şoňa laýyklykda, ak mermerli türkmen paýtagtynda iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekligiň üstünlikli alnyp barylmagy netijesinde eziz paýtagtymyzyň keşbi düýpgöter özgerip, dünýäniň owadan, adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şäherleriň birine öwrülýär. Paýtagtymyzyň köpsanly binalary halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldular.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bellige alyndy. 22 inedördül kilometr meýdanda ak mermere örtülen täze binalaryň 543-si guruldy, onuň umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabardyr, başga sözler bilen aýdylanda, her bir 4,87 inedördül metre ak mermeriň bir inedördül metri düşýär. Bu görkezijiler Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp eserleriň biri hem, 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabadyň halkara aeroportuna barýan şaýoluň çatrygynda dabaraly ýagdaýda açylan, nesilbaşymyz Oguz hanyň we onuň ogullarynyň bürünç heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumydyr.
Şu ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň hem-de daşary ýurtlardan gelen köpsanly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň esasy howa derwezesiniň – türkmen paýtagtynyň täze Halkara howa menziliniň açylmagy mynasybetli uly dabara boldy. Merkezi Aziýada örän iri we tehnologiýa taýdan üpjünçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan bu toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Şolaryň 48-si esasy desgalar bolup durýar. Bu desgalaryň hatarynda baş we ikinji ýolagçy terminalyny, ýük terminalyny, uçarlara tehniki hyzmat edýän angarlar toplumyny, okuw hem-de lukmançylyk merkezlerini we köp sanly beýleki desgalary görkezmek bolar. Bäş gatly baş terminalyň tutýan meýdany 190 müň inedördül metrden hem geçýär. Ol bir ýylda 14 million ýolagça hyzmat eder. Üç milliondan gowrak ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen ikinji terminal bilen bilelikde, häzirki zaman howa menzili jemi 17 milliondan hem köp adama ýa-da sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Ýük terminaly bolsa, 200 müň tonna ýüki üstünden geçirer. Täze howa menziliniň uzynlygy 3 müň 800 metre ýetýän, ähli üpjünçilik ulgamy bolan iki sany uçuş-gonuş zolagy bar. Howa hereketini dolandyryş gullugynda iň häzirki zaman nawigasiýa enjamlary oturdyldy.
Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21-nji güýzünde 2012-nji ýylyň sentýabr aýynyň 28-ine Bagt köşgüniň açylyş dabarasy boldy. Bagt köşgüniň binasy – dört tarapyndan Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzyny ýatladýan gurluşlar bilen aýlanan Ýer görnüşindäki togalagyň diametri 32 metr bolup, onuň daşky örtgüsi üçin iň ýokary derejede ýagtyny serpikdirýän ýörite ýylmanak metal plastinalar ulanylypdyr. Togalagyň ýüzünde suratlandyrylan Türkmenistanyň kartasy Gün doganda altyn çaýylan ýaly bolup, alyslardan lowurdap görünýär. Binanyň içine 8 sany esasy girelgäniň bolmagy, bu ýerde birbada birnäçe dabaranyň geçirilmegine mümkinçilik döredýär. Desga, ýerzemini hem hasaba alanyňda, 10 gatdan ybarat, bularyň 5-si umumy ulanyş üçin niýetlenen, galanlarynda tehniki otaglar bar. Platformanyň aşagynda – 300 ulaglyk ýapyk ýerasty awtoduralga, aşhana we bina hyzmat edýän tehniki jaýlar ýerleşdirilipdir. Binanyň zemin gatynda 500 orunlyk 2 sany toý zaly we 1 000 orunlyk uly toý zaly, dürli maksatlar üçin niýetlenen dükanlar we sungat işgärleri üçin otaglar bar.
Hormatly Prezidentimiziň şäher gurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň esasynda bina bolan döwrümiziň hem döwletimiziň beýik nyşanlaryna öwrülen desgalaryň halkara ykrarnamasyny gazanyp, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen binalaryň biri-de, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezidir. Şanly Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýy mynasybetli 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ulanylmaga berlen Giňdiwaryň belent gerşinde gurlan, beýikligi 211 metrlik telewizion minarasynyň binagärlik çözgütleri, kaşaňlygy, töweregiň ajaýyp gözelliklerine birenaýy sazlaşýanlygy bilen göwünleri galkyndyrýar. Telewizion minaranyň içki desgalarynyň tutýan umumy meýdany 60 müň inedördül metrden gowrakdyr. Studiýalar we iş otaglary iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde tele hem-de radio žurnalistleriň döredijilikli we netijeli işlemekleri üçin ähli şertler bar. Telewizion minaranyň ýokarysynda oturdylan kuwwatly antennalar gepleşikleriň ýokary derejede ildeşlerimize we ýurdumyzdan alyslara-da ýetirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arçabil şaýolunyň ugrunda, Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Agramy 420 kilograma, möçberi bolsa 52,5 we 35 metre barabar ýaşyl Baýdagymyz Döwlet Senamyzyň belent owazynyň astynda 133 metrlik baýdak göterijä – flagştoga göterildi.
“Älem” medeni-dynç alyş merkezi 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ak şäherimiz Aşgabadyň günorta-günbatar bölegindäki ýaşyl bossanly jenneti künjekde açyldy. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň umumy meýdany 26 000 inedördül metre golaý bolan, beýikligi 95 metre ýetýän bina özüniň kaşaňlygy, gözelligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Binanyň 2-nji ýerzemin gatynda 177 ulaglyk ýapyk awtoduralga, tehniki otaglar hem-de tehniki desgalar, 1-nji ýerzemin gatynda bowling zaly, älem giňişligine syn etmäge mümkinçilik berýän Kosmos muzeýi, 80 orunlyk kafe-bar ýerleşýär. Binanyň birinji gatyna gireniňden oýun zallary ünsüňi özüne çekýär. Bu ýerde dürli döwrebap kompýuter oýunlary ornaşdyrylypdyr. Binanyň 3-nji gaty aýlanýan çarha giriş gatydyr. Onda tehniki otaglar ýerleşýär. 4-nji gatda aýlanýan çarha münülýär, 5-nji gat tutuşlygyna aýlanýan çarh bolup, onuň diametri 57 metre barabar. Onda 23 sany her biri 6 adamlyk, 1 sany 4 adamlyk VIP kabina ýerleşdirilipdir.