Moto GP boýunça dünýä çempionatynda möwsümiň tamamlanmagyna 3 bäsleşik galanda, “Repsol Hondanyň” ispaniýaly piloty Mark Markes çempionlygyny yglan etdi.
Möwsümiň 15-nji ýaryşy Ýaponiýanyň Motegi şäheriniň adybir trassasynda geçirilen 24 aýlawlyk ýaryşyň ilkinji aýlawynda “Mowistar Ýamahanyň” ispan sürüjisi Horge Lorenzo öňe saýlandy. Ýöne 4-nji aýlawda Mark Markes liderligini gaýdyp aldy. Şu ýaryşa çenli çempionlygyň 2-nji dalaşgäri italiýaly Walentino Rossi (“Mowistar Ýamaha”) 6-njy aýlawda 2-nji basgançaga beýgeldi. Emma ilkinji hatardan başlan Rossi 1 aýlawdan soň, awariýa bolup, ýaryşy tamamlap bilmedi. Şol sanda, Horge Lorenzo hem ýaryşyň tamamlanmagyna 5 aýlaw galanda, Markesiň söbügini basyp barýarka, motosikline erk edip bilmän, bäsleşikden çykdy. Şeýlelikde, 23 ýaşly Mark Markes ýaryşy 42 minut 34,610 sekuntda tamamlap, şu ýylky 5-nji, karýerasyndaky 29-njy ýeňşini gazandy. Umumy sanawda utugyny 273-e ýetiren Mark Markes 2-nji orundaky Walentino Rossiden 77 utuk öňe saýlanyp, 2013-nji we 2014-nji ýyllardan soň, 3-nji Moto GP çempionlygyna mynasyp boldy. Ýaponiýa “Gran Prisinde” “Dukatiden” Andrea Dowizioso 2-nji, “Suzuki Ekstardan” Mawerik Winýales 3-nji ýeri eýeledi.
Dünýä Ralli çempionatynyň Ispaniýada guralan, möwsümiň 11-nji ýaryşynda pellehanadan ilkinji bolup geçen “Wolkswagen” toparynyň fransuz sürüjisi Sebastien Ožie bassyr 4-nji çempionlygyny gazandy. Ol Ispaniýanyň Barselona şäheriniň golaýyndaky Salou şäherçesinde geçirilen 340,32 kilometrlik bäsleşigi 3 sagat 13 minut 03,6 sekuntda tamamlap, şu ýylky 5-nji, karýerasyndaky 37-nji Ralli ýeňşini baýram etdi. Ožieden soňky 2 orny “Hýundai” toparynyň pilotlary eýeläp, degişlilikde, 15,6 sekuntlyk az netije görkezen ispaniýaly piloty Daniel Sordo 2-nji, 59,4 sekunt yza galan belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwill 3-nji orna mynasyp boldy.
Şunlukda, utugyny 222-ä ýetiren 32 ýaşyndaky Sebastien Ožie möwsümiň tamamlanmagyna 2 ýaryş galanda, bassyr 4-nji WRC çempionlygyny gazandy (2013–14–15–16). Ožieden soňky 2–3-nji orunlary 127 utukly Andreas Mikkelsen bilen Tierri Noýwill eýeleýärler. Olar Dünýä Ralli çempionatynyň taryhynda 4 çempionlygy bolan fin sürüjileri Ýuha Kankkunen bilen Tommi Makineniň hataryna goşuldy. Bu ugurda fransiýaly Sebastien Loeb 9 çempionlyk bilen 1-nji orunda barýar. Möwsümiň nobatdaky bäsleşigi 27-30-njy oktýabr aralygynda Beýik Britaniýada geçiriler.