“Qualcomm” kompaniýasy dünýäniň ilkinji 5G modemini köpçülige görkezdi. Eýsem, entek aragatnaşygyň 5-nji nesli taýýar däl hem bolsa, bu modemi näme üçin çykardylarka?! Köp ýurtlarda LTE tehnologiýasy edara-kärhanalaryň zerurlyklaryna jogap berip bilmeýär. Ýokary aýratynlykly mobil enjamlarda bar bolan “LTE Cat12” arabaglanyşygy maglumatlary 600 Mbps tizliginde göçürmek (download) we 150 Mbps tizliginde ýüklemek (upload) mümkinçiligini berýär. Emma muny amala aşyrmak üçin ýeterlik infrastruktura hemme ýerde ýok. “Snapdragon X50 5G” atly modem bolsa, 5 Gbps göçürmek tizligini hödürleýär.
Häzirki wagtda “Gigabit Class LTE” arabaglanyşygyny berip bilýän antennalar ýok bolansoň, 5G modemler ulanylmaýar. 5G modemiň iň gowy tarapy bolsa, hödürlenýän aragatnaşyk hyzmatlaryny üýtgedip bolýanlygydyr. Mysal üçin geljekde 5G internetden peýdalanýarkaň, haýsydyr bir näsazlyk ýüze çyksa, LTE ýa-da 3G aragatnaşyga awtomat usulda geçip bolýar. Häzirki wagtda LTE-den 3G hyzmatyna geçilende, gysga wagtlygyna internet üzülýär.
“Snapdragon X50” modemini ilkinji bolup, “Samsung” enjamlaryny ulanyjylar peýdalanar. Sebäbi, “Apple”-iň “LTE Cat12” arabaglanyşygyny hödürleýän enjamy ýok. Muňa garamazdan, entek 5G tehnologiýasyna geçmek üçin edilmeli işler köp. Munuň üçin ilki antennalar taýýar bolmaly. Ondan soňra onuň bilen bagly mobil enjamlar işlenip taýýarlanmaly. Ýaponiýa 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna çenli taýýar boljakdygyny habar berýär.