Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji ses­si­ýa­sy­nyň işi­niň baş­la­ma­gy bi­len, pa­ra­hat­çy­ly­ga we dur­nuk­ly­ly­ga, Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan dur­nuk­ly ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na mak­sat­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy baş­lan­gyç­la­ryň en­çe­me­si öňe sü­rül­di.
Öň­de­ba­ry­jy türk­men mak­sat­la­ry­nyň bi­ri hökmünde yn­san­per­wer ug­ry çy­kyş ed­ýär. Türk­me­nis­tan so­si­al ösü­şi­ni ynam­ly ös­dü­rip, BMG-niň esa­sy hal­ka­ra Kon­wen­si­ýa­la­ryn­dan beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn na­ma­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýan adam hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça köp­me­ýil­li işleri do­wam ed­ýär we yn­san­per­wer ug­run­da­ky ama­ly he­re­ket­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar.
Şu ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Ma­ýyp­ly­gy bo­lan adam­la­ryň zäh­met we iş üp­jün­çi­lik çyg­ryn­da­ky hu­kuk­la­ry­nyň Türk­me­nis­tan­da do­ly dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin 2017-2020-nji ýyl­lar­da ama­la aşy­ryl­ma­ly çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­nyň hö­kü­met de­re­je­sin­de ka­bul edil­me­gi BMG-niň ýo­ka­ry mün­be­rin­den yg­lan edi­len baş­lan­gyç­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­rilýändi­gi­niň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar.

Türk­me­nis­tan­da adam jem­gy­ýe­tiň iň gym­mat­ly ha­zy­na­sy di­ýlip kons­ti­tu­si­on esas­da yg­lan edil­di. Ýurt ýol­baş­çy­sy ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan ma­ýyp­ly­gy bo­lan adam­la­ryň zäh­met meş­gul­ly­gy me­se­le­le­ri bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn res­mi­na­ma sag­ly­gy­nyň çäk­li müm­kin­çi­lik­le­ri bo­lan şah­sy­ýet­le­riň zäh­met-so­si­al üpjünçiligine, ola­ryň dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu Me­ýil­na­ma­da ma­ýyp­ly­gy bo­lan adam­la­ryň sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim, so­si­al üp­jün­çi­lik, te­le­ke­çi­lik we ş.m. çy­gyr­lar­da­ky hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça mak­sat­lar ber­ki­di­len. Mil­li mak­sat­la­ryň esa­syn­da Türk­me­nis­tan­da bu res­mi­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu bolsa, Türk­me­nis­tanyň adam hu­kuk­la­ry ul­ga­myn­da öz üstüne alan hal­ka­ra borç­lan­ma­la­ry­ny berjaý et­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­ýar.