Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len Türk­me­nis­tan dün­ýä­de sag­dyn­ly­gyň hem-de ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy hök­mün­de ta­nal­ýar. Ýe­ne-de bir ýyl­da­nam az wagt­dan paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Azi­ýa yk­ly­my­nyň iri sport ýa­ry­şy – Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­ler. Bu iri hem-de hal­ka­ra ýa­ryş üçin ak mer­me­re bes­le­nen Aş­ga­bat­da se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi gu­rul­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz bu ýa­ryş­la­ra gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni bir­jik-de üns­den dü­şür­me­ýär. Se­bä­bi, bu sport ýa­ry­şy bi­ziň ýur­du­myz­da, ga­ly­ber­se-de Mer­ke­zi Azi­ýa­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýär hem-de şu ge­zek oňa gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň hem-de spor­tuň gör­nüş­le­ri­niň sa­ny kö­pel­dil­di. Mun­dan ozal, di­ňe Azi­ýa­nyň 45 döw­le­ti gat­naş­ýan bol­sa, bi­ziň ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek ýa­ry­şa Okea­ni­ýa döw­let­le­ri hem go­şu­lyp, gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň sa­ny 62-ä deň bol­dy. Azi­ýa oýun­la­ryn­da­ky spor­tuň gör­nüş­le­ri ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, oňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tek­li­bi bo­ýun­ça türk­men milli gö­re­şi hem-de kon­kur (päs­gel­çi­lik­ler­den at­ly bök­mek) gör­nüş­le­ri hem go­şul­dy.
V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çi­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 3-nji no­ýabr­da Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na myh­man­la­ryň dynç al­ma­gy üçin ni­ýet­le­nen za­lyň tas­la­ma­la­ry, ma­ket­ler, ägirt uly sport top­lu­my­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän hem-de 45 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň tek­lip edil­ýän at­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri hö­dür­le­nil­di.
Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Azia­da-2017-ä taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem-de spor­tuň öňü­miz­dä­ki Oýun­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça sy­nag ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň ha­sa­bat­la­ry­ny diň­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň ulan­ma­ga ber­len meý­dan­ça­la­ryn­da, sta­di­on­la­ryn­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de sy­nag ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi türk­men tür­gen­le­ri­niň Azia­da taý­ýar­lyk çä­re­le­rin­de mö­hüm tap­gy­ry eme­le ge­tir­me­li­dir – di­ýip nyg­ta­dy. Mu­nuň özi 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek yk­lym ýa­ryş­la­ryn­da türk­men tür­gen­le­ri­niň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­gy­nyň mö­hüm şer­ti­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

– Aziada-2017-ni guramak meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Çünki, şeýle derejedäki ýaryşlar Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler we oňa Aziýa ýurtlaryndan başga-da, Okeaniýa döwletleri gatnaşar.

– Aşgabada Aziýa oýunlarynyň paýtagty derejesiniň berilmegi ýokary derejede ösen sport düzümli ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

– Paýtagtymyzdaky sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň täsin sport desgalary eýýäm Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanlaryna öwrüldi.

Mil­li Li­de­ri­miz hö­dür­le­nen tek­lip­ler bi­len iç­gin tan­şyp, sport des­ga­sy­nyň iç­ki be­ze­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­di hem-de äh­li me­se­le­le­ri göz öňün­de tut­ma­gyň, mün­ber­le­riň reň­ki­ne çen­li äh­li zat­la­ryň üs­tün­de oý­la­ny­şyk­ly iş­le­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin we sport çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri çalt­lan­dyr­ma­gyň we şeý­le­lik­de, sta­dio­nyň ula­nyş ýag­da­ýy­ny sy­nap gör­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy.
Mun­dan baş­ga-da, mil­li Li­de­ri­miz Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň äh­li des­ga­la­ryn­da or­naş­dy­ryl­ýan en­jam­la­ryň hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni, sta­di­on­lar­da de­giş­li mag­lu­mat ul­gam­la­ry­nyň en­jam­laş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny, aý­ra­tyn-da, bu ýer­de yşyk­lan­dy­ryş, ses eşit­di­riş ul­gam­la­ry­nyň döw­re­bap de­re­je­de bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­läp, bu ugur­da ze­rur ta­gal­la­la­ry gör­me­gi tab­şyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen tas­la­ma­la­ra kä­bir üýt­get­me­le­ri gi­ri­zip, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra iş­le­ri gu­ra­ma­ga, ut­gaş­dyr­ma­ga, ýo­ka­ry hil­li al­nyp ba­ryl­ma­gy­na, teh­ni­ka­lar, ma­te­ri­al­lar we en­jam­lar bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­me­gi­ne de­giş­li me­se­le­le­riň äh­li­si­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş we ýa­py­lyş da­ba­ra­la­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan me­de­ni mak­sat­na­ma ba­ra­da­ky ha­sa­ba­ty­ny diň­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze sta­dio­nyň ady ba­ra­da du­rup ge­çip, onuň “Aş­ga­bat Olim­pi­ýa sta­dio­ny” di­ýip at­lan­dy­ryl­sa, mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Azia­da-2017-niň açy­lyş we ýa­py­lyş da­ba­ra­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­le­ri­ne ýyg­na­nan­la­ryň ün­sü­ni çe­kip, da­ba­ra­ly çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy. Oýun­la­ra gat­na­şy­jy­la­ra hem-de myh­man­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy­ny hem-de ýur­du­my­zyň hä­zir­ki ga­zan­ýan­la­ry­ny gör­kez­mek ze­rur­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň dü­zü­mi­ne dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň 30-dan gow­ra­gy gir­ýär. Ol 2017-nji ýy­lyň güý­zün­de türk­me­nis­tan­ly­lar hem-de ýur­du­my­zyň köp­san­ly myh­man­la­ry üçin ga­py­la­ry­ny giň­den açar. Bu ýer­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di, to­ma­şa­çy­lar üçin amat­ly bo­lar ýa­ly dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly we beý­le­ki ugur­daş des­ga­lar gu­rul­dy.
(TDH-niň habarlary esasynda taýýarlandy).