Şu ýy­lyň ba­şyn­da öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän ulag­la­ry iş­läp düz­mek mak­sa­dy bilen dö­re­di­len “Ot­to” şe­re­ke­ti maý aýyn­dan bä­ri öz ulag­la­ry­ny sy­nag­dan ge­çir­ýär. Gys­ga wagt­dan soň­ra şe­re­ket el­ýe­ter­li ba­ha­dan tak­si hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýän “Uber” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan sa­tyn al­nyp­dy. Şe­re­ke­tiň iş­läp dü­zen ýük ula­gy ýü­kü­ni sü­rü­ji­siz ýag­daý­da bel­le­nen sal­ga äkit­di. Şe­re­ket ada­ty ýük ula­gy­na ra­dar, ka­me­ra we beý­le­ki en­jam­la­ry we komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ry­ny oturt­dy. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de lo­gis­ti­ka pu­da­gy ýyl­sa­ýyn ösýär. Köp muk­dar­da­ky ýü­ki uzak ara­ly­ga äkit­mek aň­sat iş däl. Şol se­bäp­li, il­kin­ji no­bat­da şä­he­ra­ra ýol­lar­da sü­rü­ji­siz ýük ulag­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. Ady ag­za­lan ýük ula­gy hä­zir­ki wagt­da şä­he­riň için­de öz­baş­dak he­re­ket edip bil­me­ýär. Şol se­bäp­li haý­sy­dy­ry bir za­wod­dan ýük ýük­le­nip, uly ýo­la sü­rü­lip ge­ti­ril­ýär. Soň­ra bol­sa, beý­le­ki şä­he­re çen­li onuň özi gi­dip bil­ýär. Şä­he­riň gi­ri­şin­de bol­sa ony ka­bul edip al­ma­ly bol­ýar. Şeý­le­lik­de, sü­rü­ji­ler ýa­şa­ýan ýer­le­rin­den uzak ara­ly­ga git­me­li bol­maz­lar. Şeý­le hem bu ulag­lar ýol­da düş­le­me­li bol­ma­ýar­lar. Se­bä­bi olar ýa­da­nok. Bu bol­sa ha­ryt­la­ryň gys­ga wagt­da ge­rek­li ýe­ri­ne el­til­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer. “Da­im­ler” we “Volvo” ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar hem öz ulag­la­ry­nyň sü­rü­ji­siz gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler.