“Tesla” kom­pa­ni­ýa­sy di­ňe elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ma­ýar. Ol elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň sak­lan­ma­gy ug­run­da hem tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. In­no­wa­si­ýa aý­ra­tyn üns ber­ýän “Tes­la” go­laý­da bir gat­ly jaý­lar üçin elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­ýän üçek ör­tü­gi­ni taý­ýar­la­dy. Onuň bi­len bi­le­lik­de ön­dü­ri­len ener­gi­ýa­ny sak­la­ýan “Po­wer­wall 2” at­ly ba­ta­re­ýa­ny hem ta­nyş­dyr­dy. Bu ul­gam ar­ka­ly bir ho­ja­ly­gyň ulan­jak ener­gi­ýa­sy­ny hem-de elekt­rou­la­gy­ny üp­jün edip bo­lar. Bu ör­tük­le­ri ada­ty çe­re­pi­sa ýe­ri­ne ula­nyp bol­ýar. Ýag­ny ol ja­ýy ýa­gyş­dyr ygal­dan hem go­ra­ýar. Olar owa­dan­ly­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar.
Ör­tük­le­riň dür­li reňk­dä­ki we na­gyş­ly gör­nüş­le­ri bar. Bu bol­sa, müş­de­ri­le­riň is­leg­le­ri­ne gö­rä jaý­la­ry­ny ba­syr­mak­la­ryn­da ýe­ňil­lik dö­re­der. Şeý­le hem, hem­me üçek­le­riň bir­meň­zeş bol­ma­gy­nyň öňi al­nar. Is­län adam ja­ýy­nyň reň­ki­ne ýa-da gur­lu­şy­na gö­rä, ola­ry saý­lap bi­ler. Olar çe­re­pi­sa­dan has berk. Ge­çi­ri­len sy­nag­da bir­meň­zeş agyr­lyk­da­ky daş iki­si­niň üs­tü­ne taş­la­nan­da, çe­re­pi­sa kül-ow­ram bol­ýar, tä­ze ör­tük bol­sa di­ňe jaý­ryk at­ýar.
“So­larCity” hyz­mat­daş­ly­gy bi­len ön­dü­ril­di
Tä­ze önüm­ler “So­larCity” şe­re­ke­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ön­dü­ri­lip­dir. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, “Tes­la” bu şe­re­ke­ti sa­tyn al­mak is­le­ýär. Onuň ba­ha­sy­nyň 2,6 mil­liard dol­lar bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şu aýyň or­ta­la­ryn­da bu ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gep­le­şik ge­çi­ri­ler.
“Po­wer­wall 2” at­ly en­jam 14 kW/s ener­gi­ýa­ny sak­lap bil­ýär. Şeý­le hem 5 kW ener­gi­ýa­ny yzy­gi­der­li be­rip bil­ýär. Ba­ta­re­ýa­ny 10 ýyl­lap is­le­di­giň­çe zar­ýad edip, ula­nyp bol­jak­dy­gy­na ke­pil ge­çil­ýär. Ony is­len­dik ýe­re otur­dyp, ener­gi­ýa çeş­me­si hök­mün­de hem ulan­mak bol­ýar.
Kom­pa­ni­ýa­nyň baş­ly­gy El­lon Musk Gün ener­gi­ýa­syn­dan peý­da­lan­mak üçin üç ýo­luň bar­dy­gy­ny aýd­ýar: önüm­çi­lik (Gün pa­nel­le­ri), sak­la­mak (ba­ta­re­ýa) we gat­naw (elekt­ro­kar­lar). Bu usul ar­ka­ly ener­gi­ýa­ny do­lu­ly­gy­na Gün­den al­ma­gyň müm­kin­di­gi­ni belleýär. “Tes­la” ola­ryň äh­li­si­ni bi­le­lik­de müş­de­ri­le­re ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär.
Do­lu­ly­gy­na aras­sa çeş­me­den peý­da­lan­mak is­le­ýän­ler hä­zi­re çen­li Gün pa­nel­le­ri­ni baş­ga bir şe­re­ket­den sa­tyn alyp, “Po­wer­wall” ba­ta­re­ýa­la­ry­ny “Tes­la”-dan al­ma­ly bol­ýar­dy. In­di bol­sa ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy ola­ryň äh­li­si­ni bi­le­lik­de müş­de­ri­le­ri­ne ýe­ti­rip baş­la­dy. Ho­ja­lyk­da Gün şöh­le­sin­den peý­da­lan­mak is­le­ýän­ler mun­dan ozal jaý­la­ry­nyň üçe­gi­ne goş­ma­ça pa­nel­le­ri ýer­leş­dir­me­li bol­ýar­dy. Indi, tä­ze ör­tük­ler hem ja­ýy ba­syr­mak, hem-de ener­gi­ýa ön­dür­mek üçin peý­da­la­ny­lar. Tä­ze ul­ga­myň ba­ha­sy we ha­çan sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­me­di. “Po­wer­wall” ba­ta­re­ýa­sy bol­sa, 5 müň 500 dol­lar­dan sa­tyl­ýar.