Bir bar eken, bir ýok eken, ga­dym wagt­lar­da iki do­gan bar eken. Ola­ryň ulu­sy­nyň al­ty og­ly, ki­çi­si­niň bol­sa al­ty gy­zy bar eken.
Al­ty ogul­ly he­mi­şe: “Al­ty og­lum bar, al­ty ga­lam bar, dün­ýä­de nä ga­mym bar” di­ýer eken. So­ňa­ba­ka al­ty gyz­ly ini­si ýa­ny­na ba­ran­da:
– Hä, al­ty gyz­lym, ge­le­we­ri – di­ýip, gy­jyt­ly gür­lär eken.
Al­ty gyz­ly ini­si mu­ňa na­mys edip, aga­sy­na gö­rün­me­jek bo­lar eken. On­da-da işi çy­kyp, kä­te onuň ýa­ny­na bar­ma­ly bol­ýar eken. Aga­sy bol­sa, ha­ta et­män, ini­si her sa­par ba­ran­da:
– Ge­le­we­ri, al­ty gyz­lym. “Al­ty og­lum bar, al­ty ga­lam bar, dün­ýä­de nä ga­mym bar” diý­me­gi­ni do­wam et­di­rer eken.
Ini­si aga­sy­na:
– Se­niň şu aýd­ýan söz­le­riň ma­ňa ýa­rap du­ra­nok. Dog­ru­sy, ol se­niň özü­ňe hem us­lyp däl. Bu bol­şuň­dan el çek. Se­niň ogul­ly, me­niň gyz­ly bol­ma­gym iki­mi­ziň yg­ty­ýa­ry­myz­da­ky zat däl – di­ýip, her­nä­çe aýt­sa hem ol gu­lak as­maz eken.
Gün­ler­de bir gün şu ze­ýil­li söz­den soň bu­la­ryň ki­çi­si tu­kat bo­lup, öýü­ne ge­len­de, kör­pe gy­zy:
– Bir sa­par däl, iki sa­par däl, agaň­ka gi­dip gel­seň, my­da­ma ýü­züň açy­la­nok. Bu nä­me üçin beý­le bol­ýar, ka­ka? – di­ýip so­rap­dyr. Ata­sy gy­zy­na:
– Bu ýer­de üýt­ge­şik zat ýok. Hem­me­si onuň kel­peň­li­gin­den. Nä­me­miş, ol al­ty ogul­ly, men hem al­ty gyz­ly­my­şym. Bar­sam, gy­jyt be­rip, di­li­ne ço­lap, ýü­re­gi­me düş­ýär – di­ýip dog­ru­sy­ny aý­dan.
– Ka­ka, onuň ýa­ly bol­sa, git­me ola­ra. Bir to­par ýal­ýa­gy­la­ry­ny ma­zam­lap, iliň­kä meň­zeş ogul­la­ry bol­sa, öwün­se-de bo­lar­dy. Ebit­le­ri­ni ag­da­ry­şyp, eşik­le­ri­ni oňa­ra­nok­lar. Aýt, ha­ny, haý­sy­sy ene-ata­sy­nyň eg­nin­den gal­dyrjak. Hol, ga­ra da­gyň aňyr­syn­da bi­rin­de tyl­la tel­pek bar­my­şyn. Git-de agaň bi­len şo­ny ge­tir­me­şek et. Özi ýa ogul­la­ry şol tel­pe­gi ge­ti­ri­bil­se, biz şu oba­dan göç­me­li di­ýip şert­leş. Gö­re­li gaý­rat­la­ry­ny, tel­pe­gi onuň ogul­la­ry­nyň bi­rem ge­ti­ri­bil­mez. Ony sag­lyk bol­sa men ge­ti­re­rin. On­soň agaň di­li se­niň ýa­nyň­da gys­ga bo­lar we mas­ga­ra bo­lup bu ýer­den göç­me­li bo­lar – di­ýip, mas­la­hat be­rip­dir.
Gy­zyn­dan he­ma­ýat­ly söz eşi­den­soň, ini­si aga­sy­nyň ýa­ny­na ug­rap­dyr. Ol ýe­ne-de öň­kü­si ýa­ly öw­nüp baş­la­ýar we­lin, ini­si:
– “Öwü­ne­niň ta­na­py çüý­rük” di­ýip­dir­ler. Men-men­li­giň, öwün­me­giň çe­ni-ça­ky ýag­şy. Se­niň­ki çen­de-çak­da dur­ma­dy. Ogul­ly­ly­gy­ňa buý­sa­nyp, ga­ty köp öwün­ýär­siň we­lin, ogul­la­ryň bi­len me­niň gyz­la­ry­myň iş ba­şa­ryş­la­ry­ny sy­nap gö­re­li. Özem haý­sy ta­rap ök­de çyk­sa, beý­le­ki ta­rap tu­tuş­ly­gy­na şu oba­dan göç­me­li ede­li – di­ýip­dir.
Aga­sy:
– Bol­ýar. Gep şu bol­sun. Se­niň gyz­la­ryň eden işi­ni me­niň ogul­la­rym ba­şar­ma­sa, ola­ryň ýü­zü­ni hem gör­men, şu oba­da-da dur­man – di­ýip jo­gap be­rip­dir.
Ini­si:
– Bol­ýar, şert­leş­dik. Ola­ryň bi­tir­me­li iş­le­rem şu bol­sun. Ana, hol, uly da­gyň aňyr­syn­da tyl­la tel­pek bar­myş. Ogul­la­ryň haý­sy bi­ri eder­men bol­sa, gi­dip, şol tyl­la tel­pe­gi alyp gel­sin. Özi hem her sa­par bir gyz bi­len bir og­lan go­şu­ly­şyp git­sin – di­ýen.
Şeý­le hem ed­ýär­ler. Her sa­par bir og­lan bi­len bir gy­zy at­lan­dy­ryp, tel­pe­giň yzyn­dan iber­ýär­ler.
Bäş sa­par­ky ibe­ri­len bäş og­lan bi­len bäş gyz ýo­luň or­ta­ly­gy­na hem ýe­tip bil­män, yz­la­ry­na gaý­dyp gel­ýär­ler. Ge­zek iň ki­çi gyz bi­len iň ki­çi og­la­na ýet­ýär. Bu gy­zyň do­gum­ly bir ga­ra aty hem bar eken. Gyz ýaş ýi­git ly­ba­sy­ny ge­ýip, ýol üçin azyk-en­ja­my­ny tu­tup, aga­sy­nyň iň ki­çi og­ly bi­len oba­dan çy­kyp gi­di­be­ren. Ga­ty gi­dip, ýu­waş ýö­räp, bir­nä­çe gi­je-gün­di­zi ge­çi­ren­ler. Em­ma do­gum­ly, çy­dam­ly gy­zyň göw­ni bir ýa­ly gi­dip otyr eken. Lä­lik sak­la­nan og­lan we­lin, ýo­luň şa­ty­sy­na çy­da­man iň­ňä sa­paý­ma­ly bo­lan. Ahyr­da hem ýo­la ýa­ra­man, öň­le­rin­den çy­kan bir oba­da ga­ly­be­ren. Gy­zyň ýe­ke özi haý­dap gi­di­be­ren. In­di ga­ra atyň ýol al­şy hem üýt­ge­şik diý­ýär. Ol tü­we­leý ýa­ly bo­lup, sä­hel wagt­da köp der­ýa­la­ry, en­çe­me dag­la­ry yzyn­da gal­dy­ryp­dyr.
Gün­le­riň bi­rin­de gün ýaş­ma­ga az ga­lan wag­ty gyz bir süý­ji suw­ly çeş­mä­niň ba­şy­na ýe­tip­dir. Ol şol ýer­de at­dan dü­şüp, ony gez­di­rip­dir. Otu­na-su­wu­na se­re­dip­dir.
At gy­za:
– Daň at­ma­ga az ga­lan­da, ýo­la dü­şüp ug­ra­sak, ýo­luň üç­den bi­ri­ni ala­rys. Ga­lan iki bö­le­gi­ni hem uzak­laş­dyr­man, şeý­dip ge­çe­ris. Ba­ra­ny­myz­da et­me­li iş­le­ri şol ýer­de aý­da­ryn. Ýö­ne hiç za­dy men­den bi­mas­la­hat et­me­gin – di­ýip tab­şy­ryp­dyr.
Şon­dan soň, tä bar­jak ýer­le­ri­ne bar­ýan­ça­lar, gyz atyň mas­la­ha­ty­na eýe­rip gid­ýär. Go­laý ba­ran­la­ryn­da, at ýe­ne dil­len­ýär:
– Şu dag­dan ge­çe­ni­miz­den soň, gi­den gür bag­lyk bar­dyr. Ba­gyň için­den ge­çip gi­der­siň. Ýö­ne bag­dan ýe­ke­je mi­we-de ýo­laý­ma­gyn. Ýo­lup da­daý­saň, şu ýer­de gal­ma­ly bo­lar­syň. Bag­dan çy­kan ýe­ri­miz­de ga­ty oňat sal­kyn, owa­dan jaý­lar ga­bat ge­ler. Şol jaý­la­ryň için­de bi­ri aý­ra­tyn saý­la­nyp du­ran­dyr. Onuň ga­py­syn­da bol­sa syr­dam boý­ly gör­me­geý bir ýi­gi­de duş ge­le­ris. Şo­nuň ba­şyn­da­ky tel­pek se­niň alyp gaýt­ma­ly tyl­la tel­pe­giň­dir. Ýi­gi­diň ýa­ny­na ba­ra­nyň­dan, ýe­re dü­şüp, edep bi­len gö­rüş­gin. Elin­den tu­tup gör­şe­niň­den ol: “Bu og­lan däl­dir, gyz­dyr” di­ýip pi­kir eder. Şo­nuň üçin mäh­ri­ban­lyk bi­len sa­ňa: “Ge­liň, myh­man bo­luň, gö­züm üs­tün­de or­nu­ňyz bar” di­ýip, myhman edin­jek bo­lar. Oňa myh­man bol­gun. Ýog­sam, ol tel­pe­gi ele sa­lyp bol­maz. Ýi­gi­diň soň­ky he­re­ket­le­ri ba­ra­da ma­ňa aý­dyp du­rar­syň. Ol se­niň gyz­dy­gy­ňy, däl­di­gi­ňi bil­jek bo­lup, her hi­li hi­le­ler eder. Biz hem şo­ňa gö­rä bol­ma­ly bo­la­rys.
Gyz aty­nyň di­ýen­le­ri­ni ýa­dyn­da sak­lap sü­rü­ber­ýär. Ga­ra atyň aý­dy­şy ýa­ly bol­ýar. Gyz dag­dan, bag­dan ge­çip, ýi­gi­de duş­ýar. Ýi­git gör­şen­de ikir­jiň­le­nip, gy­zy mä­hir­li ka­bul ed­ýär.
– Aty­ňy­zy hol ýa­tak­da da­ňa­ýyň! – di­ýip, ýer gör­kez­ýär. Gyz aty­ny da­ňyp, gül­li ýo­run­ja be­rip, myh­man ýe­ri­ne bar­ýar. Çaý iç­ýär­ler, on­ýan­ça-da na­har ýe­tiş­ýär. El ýu­wup, na­har edin­ýär­ler. Ag­şam bu­la­ryň her­si bir jaý­da ýat­ýar.
Ýi­git şun­ça syn et­se hem myh­ma­ny­nyň gyz­dy­gy­ny su­but eder ýa­ly ýe­ke­je de­lil hem tap­ma­ýar. Ol er­tir­ki na­har­dan soň:
– Men şu­ja­gaz ýe­re ba­ryp ge­le­ýin, aýyp­laş­ma­we­ri, der­rew ge­le­rin – di­ýip, öýün­den çy­kyp gid­ýär.
Ýi­git oba­la­ryn­da­ky bil­gi­jiň ýa­ny­na ba­ryp:
– Er­kek eşi­gin­de bir myh­ma­nym bar. Onuň bi­len il­ki sa­lam­la­şyp gör­şe­nim­de, gyz­dyr öýt­düm. Özi aý­ra­tyn owa­dan hem örän sy­rat­ly. Ýü­zün­de­nem nur da­myp dur. Eger şol gyz bol­sa, ma­ňa dün­ýä­de şon­dan baş­ga maş­ga­la ge­rek däl. Onuň gyz­dy­gy­ny ýa-da og­lan­dy­gy­ny nädip tanap bo­lar? – di­ýip so­ra­ýar.

Bilgiç ýigide:
– Onuň bilen bazara git. Bazarda hem köp¬lenç gyzylly şaý, monjuk satylýan ýerde gez. Gyz bolaýsa, gözi gyzylda, şaýda we monjuk¬da bolar. Belkem, saklanyp bilmän, şol zat¬lar¬¬dan satyn hem alar – diýýär.
Ýigit gelip, gyza:
– Bikärligi halamaýaryn, ýör, bazara gi¬de¬li – diýýär.
Gyz hem:
– Bolýar men atyma ot bereýin. Soň ötä¬gi¬deris – diýýär we baryp, atyna maslahat sal¬ýar.
Gara at oňa:
– Bazarda gyz esbabyna başyňy galdyr¬ma¬gyn, ýigit hö¬dür¬lese hem almagyn – diýip sar¬gaýar.
Öý eýesi ýigit bazarda ýoldaşynyň şaý-sep bilen höwesiniň ýok¬dugyny aňyp, her hili hileler bilen aldyrjak bolýar.
Onda ol gyz:
– Meniň gyz bezemek işim ýok. Ol ze¬ýil¬li zatlary alyp ýör¬mek, biziň ýaly ýaş og¬la¬na gel¬şikli zat hem däl. Gowusy, at satylýan ba¬zary göreli, bazara gowy at düşmedimikä? – diýip, başga tarapa tutýar.
Bilgijiň çaky çykmaýar. Oglan bazardan lapykeç bolup gaýd¬ýar.
Gelip nahar edinenlerinden soň, ýigit ötünç sorap, ýene bir ýaňa gidýär.
Gyz hem:
– Men hem atyma ot döküp geleýin – diý¬ýär-de, gelip atyndan maslahat soraýar.
– Uýanymy başyma sal-da, şonuň ujuny we gamçyny eýe¬riň gaşyna ildir. Keçämi hem syr¬tyma kemsiz bökder. Aýa¬gy¬my-da çöşüp goý. Siz tirkeşip, howzuň başyna barany¬ňyz¬da, men hem görünmän beýle ýanyňyza baryp du¬ra¬ryn. Şol wagt sen ylla telpegi al-da, derrew üstüme mün. Ondan soňku¬sy¬ny özüm oňara¬ryn – diýen.
Ýigit bilen gyz howza tarap ugraýarlar. Şol wagt gyz:
– Atym boşanypdyr. Men ony derrew da¬ňyp geleýin – diýip, telpegi alyp ata münýär-de gaçýar.
Ýigit yl¬gap öýe barsa, myhman ol ýerde-de ýok. Ýataga bar¬sa, at-da ýok. Ylgap jaýynyň üstüne çyk¬ýar, gö-rünýän zat ýok. Gap¬dal¬da¬ky daga çykýar, alla¬owar¬¬radan garynja ýaly bir zat gaýyp bar¬ýar diýýär. Hasyr-husur atlanyp, yzyndan kowýar. Bir daga çykanda seretse, ara has daşla¬şyp¬dyr. Agşama çenli kowup, bir daga çykyp se-retse, garasyny hem görüp bilmän¬dir. Onsaň lapykeç bolup yzyna gaýdan. Daň¬danlar bil¬giji turzup, ýagda¬ýyny aýdan.
Bilgiç diňläp bolup:
– Indi howlukma. Ýol şaýyňy kemsiz tu¬tup, obama-oba sorap gitmeli bolarsyň. Diňe şeýtseň, telpek alanyň, hut, öz öýüne myhman bolarsyň. Tylla telpek belli zatdyr, her wagt hem tapylar – diýýär.
Gyz şol gidişine baryp agasynyň al¬tyn¬¬jy oglunyň galan ýerine ýetipdir. Ideg-sorag edip tapsa, egin-eşikden çykyp, hor-homsy ýaşap ýören eken.
Gyz ony ge¬ýindirýär, gar¬nyny doýurýar. Özüni oňat tu¬tan¬soňam:
– Arkaňa tagma basdyrsaň, öýňüze alyp gitjek. Ýogsam sen oba baryp ýalan sözlärsiň – diýýär.
Oglan:
– Horlaman öýümize eltseň bolýar, tagmaň näçe bolsa basyber – diýip, razy bolýar.
Gyz bolsa barmagyndaky ýüzügini gyzdy¬ryp, onuň ýagyr¬ny¬syna iki gezek tagma basýar. Soň bolsa kä ata mündürip, kä pyýada ýöre¬dip, öz ýany bilen obalaryna alyp gaýdýar. Obala¬ryna ýetip barýarkalar, oglanyň atasy bularyň öňünden çykýar. Görseler, gyz atyg¬sa¬man ge¬lip¬dir. Tylladan telpek hem başyn¬da. Oglan welin burnuny syksaň, jany çyk¬jak diýýär. Atdan-a deregem ýok. Şeýle-de bolsa öýlerinde, atasy ýagdaýyny so¬randa:
– Ol ýerlere baryp geljek bolsaň, atyň¬dan, eşigiňden dyna¬nyňa kaýyl bolaýmaly, ol ýol¬da özüni oňarmadygyň ölüp ga¬laý¬magam daş däl. Başymdan nägadar horluklar geçdi, bolsa-da buýran ýumşuňyzy bitirdim, tylla¬dan tel-pegi men getirdim. Gyz çydaman, ýolda galdy. Gaýdyşyn gözläp tapmak uly hyl¬lal¬¬la boldy. Geýip gelmäge utanyp, tylladan tel¬pegi hem hol ýe¬rik gelenimizde gyza geý¬diräýdim – di¬ýip, öwnüp jogap beripdir. Atasy şobada inisiniň üstüne gidip, oňa oglunyň aý¬dan zatlaryny aýdypdyr-da:
– Gyzyň orta ýolda galandygy onuň ýüz-gö¬zün¬den hem görnüp dur. Ol çigit ýalyjak hem horlanmandyr. Telpegi meniň og¬lum getirip¬dir – diýip, yzyndanam:
– Indi tylla telpegi bärik ber-de, özü¬ňem gyzlaryňy al-da, obadan göç! – diýip, inisi¬ne haýbat atyp ugrapdyr.
Onýança tylla telpegi getiren gyz ara dü¬şüp, özi bilen bile giden ýigidiň şu ýere ge¬tirilmegini talap edipdir. Ony derrew getiripdirler. Gyz ýigide wakanyň nähili bo¬lanyny märekäniň öňünde aýtmagy özem galat geplemezligi buýrupdyr. Emma ol ýi¬git ýüzüni aşak salyp, ýene-de kakasyna aý¬dan söz¬lerini gaý¬ta¬lanmyş. Gyz deliliniň bar¬dy-gyny aýdypdyr. Ýigit şondan soň, aýak üs¬tünde hem durup bilmän, şalkyldap aşak gaýdypdyr.
Ýigidiň masgara bolup barýan kakasy hem gyssanyp gyza:
– Deliliňi aýt, deliliňi! Deliliň bol¬ma¬sa sözüňe ynanjak däl – diýip gygyryp¬dyr.
Onda gyz:
 Köýnegini çykar-da, ýagyrnysyny gör. Ynha, şu bar¬ma¬gymdaky ýüzügimiň möhüri ýal¬pyl¬dap durandyr. Men ony “ýa¬lan sözlese, su¬but etmek üçin gerek bolar” diýip basyp¬dym – diýýär.
Ýigidiň kakasy derrew oglunyň arkasyny ýalaňaçlap görýär welin, ýüzügiň möhüri ýal¬pyl¬dap duranmyş.
Onsoň ol gyjalata galyp, inisine:
– Meniň ogullarym seniň gyzlaryňça bolmady. Men utul¬dym. Bu ýagdaýda göçüp git¬sem, ogullarymyň gyzça bolman¬dy¬gy uly ile äşgär boljak. Sen meniň bilen deň bolma. Men bu obadan göçmäýin. Mundan beýläk öwün¬-mä¬ýin, günämi geç – diýip, ýalbarmaga baş¬la¬ýar. Emma tylla telpegi getiren gyz:
– Är lebizden, koý bogazdan – diýip, aga¬sy¬nyň sözüni kes¬ýär-de, yzyna ugradyp goý¬ber¬ýär.
Tylladan telpegi aldyran ýigit hem uzak eglenmeýär-de, onuň gözlegine çykýar. Ol az ýö¬räp, köp ýöräp, sorag-ideg edip, telpegi alyp gaýdan gyzyň obasynyň çetinden gel¬ýär-de, bir adama myhman bolýar. Agşam otyr¬¬ka¬lar, myhman ýerin¬den:
– Obaňyzda tylladan telpek geýip gelen ýigit boldumy? – diýip soraýar.
– Tylladan telpek getiren boldy, ýöne ol oglan däldir, gyz¬dyr. Özi hem pylanynyň gyzydyr – diýýär we onuň telpe¬giň yzyn¬dan näme maksat bilen gidendigini, özüniň oňat hem arassa maşgaladygyny aýdyp berýär.
Ýigit salgyny alyp, gyzyň öýlerine ýetip barýarka, gyz ony öňürti görýär-de, doganla¬ry¬na oňa oňat hezzet-hormatlar et¬mek¬lerini sar¬ga¬ýar. Özi hem ýigit eşigini, tylla tel¬pegi geýip, onuň ýanyna barýar. Olar gadyrly gör¬şüp salamlaşýarlar. Öý eýesi bu sapar uzak eg¬lenmän, gyzdygyny boýun alýar.
Gyz telpegini çykarýar welin, saçlary lo¬wur¬dap, eginleri bilen tolkun atyp gidýär. Bu ýagdaý öňem gyzdan gözüni aýryp bilmän otu¬ran ýigidi tolgundurýar.
Myhman ýigit üç günden soň gyza göw¬nün¬däkini aýdýar.
Gyzyň kakasy ýaşlara uly toý tutup berýär. Birnäçe güne çeken toýdan soň bolsa, gyzy hem ýanyna goşup, ýigidi uly hormat bilen öz ýurduna ugradýarlar. Olar sag-aman baryp, mak¬sat-myratlaryna ýetýärler.