Ten­nis bo­ýun­ça ýy­lyň iň güýç­li 8 ze­nan ten­nis­çi­si­niň ara­syn­da gu­ral­ýan möw­sü­miň jem­leý­ji bäs­le­şi­gi “WTA Fi­nals” Sin­ga­pur­da ge­çi­ri­lip, on­da slo­wa­ki­ýa­ly Do­mi­ni­ka Si­bul­ko­wa ýe­ňi­ji bol­dy. Ol fi­nal­da WTA sa­na­wy­nyň 1-nji bel­gi­li­si ger­ma­ni­ýa­ly An­je­li­ke Ker­be­ri 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1 sa­gat 16 mi­nut­lap do­wam eden fi­na­lyň 1-nji se­tin­de 6–3, 2-nji se­tin­de 6–4 ha­sa­byn­da üstün çykan Si­bul­ko­wa şu möw­süm­dä­ki 4-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 8-nji WTA çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Iki ten­nis­çi to­par­ça­da-da du­şu­şyp­dy we şon­da Ker­ber gar­şy­da­şyny 2–1 (7–6, 2–6, 6–3) ha­sa­byn­da utupdy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Si­bul­ko­wa to­par­ça­da­ky 2-nji du­şu­şy­gyn­da ame­ri­ka­ly Ma­di­son Kiýs­den hem as­gyn ge­lip­di (6–1, 6–4). Ýö­ne 3-nji du­şu­şy­gyn­da ru­my­ni­ýa­ly Si­mo­na Ha­le­pi ýeň­me­gi (6–3, 7–-6), onuň ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy­ üçin ýe­ter­lik bol­dy. Ol ýa­rym fi­nal­da rus­si­ýa­ly Swet­la­na Kuz­ne­so­wa­ny utup, fi­na­lda çyk­yş etmäge hu­kuk ga­zanyp­dy.
Bäs­le­şik­den soň, 27 ýaş­ly Si­bul­ko­wa 2 mil­li­on 54 müň dol­lar­lyk pul sy­la­gy be­ril­di. Onuň kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça top­lan pul baý­ra­gy 10 mil­li­on 874 müň dol­la­ra ýet­di. Şeý­le-de Si­bul­ko­wa möw­sü­miň jem­leý­ji ýa­ry­şy­na il­kin­ji ge­zek gat­na­şyp, ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daýda çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Mun­dan öň 2011-nji ýyl­da çe­hi­ýa­ly Pet­ra Kwi­to­wa il­kin­ji ge­zek çy­kyş eden möw­sü­miň jem­leý­ji bäs­le­şi­gin­de ýe­ňi­ji bo­lup­dy.