9-10-njy noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde VIII Halkara maýa goýum forumy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümlerine, şeýle hem dünýäniň 20-ä golaý ýurdunyň abraýly maliýe guramalaryna we kompaniýalaryna degişli wekiller gatnaşdylar. Maýa goýum forumynyň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň binýadynda maýa goýum-täzeçil gatnaşyklaryň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bu ulgamyň artýan kuwwaty bäsdeşlige ukyply eksport ugrunyň ösdürilmegine hem-de döwrebap önümçilikleriň döredilmegine esaslanýar.
Foruma gatnaşan daşary ýurtlaryň wekilleri – Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ergin Goksun, ABŞ-nyň Halkara hyzmatdaşlygy departamentiniň Türkmenistan boýunça sebit direktory Kritofer Miller, Türk-türkmen işewürler geňeşiniň başlygy Halil Awçy, Bolgariýa – Türkmenistan Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Nikolaý Stratiýew we beýlekiler öz çykyşlarynda halkara forumyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, amatly maýa goýum ýagdaýy, ýurdumyzda daşary ýurtly telekeçileriň üstünlikli işlemegi üçin döredilen şertler hem-de ýeňillikler, senagatyň ähli pudaklarynyň çalt depginler bilen senagatlaşdyrylmagyna tarap alnan ugur, kiçi işewürligiň hem-de hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy daşary ýurtlaryň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmasynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Netijeli ýagdaýda geçen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, telekeçileriniň daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maýa goýum düzümleriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, şolaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň ikinji gününiň çäklerinde ulag-aragatnaşyk pudagynda, logistika ulgamynda, bank işi, maliýe hyzmatlary hem-de ätiýaçlandyryş işleri boýunça ykdysady hyzmatdaşlygyň ýollary we gurallary anyklaşdyryldy.