Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
– Türkmenistan Malaýziýany Aziýa – Ýuwaş ummany sebitinde möhüm
hyzmatdaşy hasaplaýar.

Malayziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Tun Abdul Razak:
– Türkmenistanyň bizi ýurduňyzyň mundan beýläk-de ösmegi üçin ähli tagallalary etmäge taýýar, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde kabul etmegini isleýäris.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­let­le­riň bi­ri­ne öw­rü­len Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ber­kit­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär. Dün­ýä döw­let­le­ri bi­len bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk­la­ry ös­dür­mek, türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da äh­li döw­let­ler bi­len bir ha­tar­da, Azi­ýa – Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti­niň, şol san­da Gü­nor­ta – Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri bi­len däp bo­lan dost­luk gat­na­şyk­la­ry has-da pug­ta­lan­ýar. Mu­ňa döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň şu ýy­lyň 7-8-nji no­ýab­ry ara­ly­gyn­da Ma­laý­zi­ýa döw­le­ti­ne ama­la aşy­ran sa­pa­ry hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ge­zek­ki sa­pa­ry Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň hem-de öza­ra bäh­bit­li yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň has-da ber­ke­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­pa­ryň çäk­le­rin­de gol çe­ki­len yla­la­şyk­lar bol­sa, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça has-da ber­kit­mä­ge uly iter­gi be­rer.
Ma­laý­zi­ýa Türk­me­nis­ta­nyň Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­dä­ki yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2011-nji ýyl­da bu ýurt­da res­mi sa­par­da bo­lup, iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň tä­ze döw­re ga­dam bas­ma­gy­na, onuň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çyk­ma­gy­na kuw­wat­ly iter­gi ber­di. Ma­lay­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Da­to Sri Mohd Na­jib Tun Ab­dul Ra­za­kyň bol­sa, 2011-nji hem-de 2014-nji ýyl­lar­da gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da res­mi sa­par­da bol­ma­gy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ok­gun­ly ös­me­gi­ne öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz şu ýy­lyň 8-nji no­ýab­ryn­da Ma­laý­zi­ýa sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de bu ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Da­to Sri Mohd Na­jib Tun Ab­dul Ra­zak bi­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­ri ge­çir­di. Bu gep­le­şik­ler dost­luk­ly ýur­duň hö­kü­met Baş­ly­gy­nyň Ma­laý­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Kua­la-Lum­pur şä­he­ri­nden 20 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän do­lan­dy­ryş mer­ke­zi bo­lan Put­rad­jaý­ýa şä­he­rin­dä­ki iş ka­bul­ha­na­syn­da bol­dy.
Res­mi gep­le­şik­ler­den ozal, Prem­ýer-mi­nistr hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi da­ba­ra­ly ýag­daý­da gar­şy al­dy. Soň­ra iki­çäk gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Onuň yzy­sü­re gep­le­şik­le­riň her iki döw­le­tiň hö­kü­met we­kil­iýet­le­ri­niň hem gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de ge­çi­ril­di. Bu gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da uzak ýyl­lar­dan bä­ri yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­lar bo­lan Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ta­rap­lar halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da, hu­su­san-da, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, dok­ma se­na­ga­ty, bank ul­ga­my we şä­her-­gur­lu­şy­gy, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek, azyk se­na­ga­ty, ylym-bi­lim, me­de­ni­ýet, sy­ýa­hat­çy­lyk, sport we beý­le­ki ugur­lar­da öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň giň müm­kin­çi­lik­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.
Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da dä­be öw­rü­len ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ne-de ga­ral­dy. Ma­laý­zi­ýa söw­da-yk­dy­sa­dy we ma­ýa go­ýum ul­gam­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm we öň­den gel­ýän hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ma­laý­zi­ýa­nyň örän iri “Pet­ro­nas Ça­ri­ga­li” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len köp ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk bu ugur­da iki ta­ra­pyň bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­ma­gyň my­sa­ly bo­lup, hyz­mat edip bi­ler. Bu kom­pa­ni­ýa Türk­me­nis­ta­nyň de­ňiz ýa­tak­la­ryn­da il­kin­ji­le­riň bi­ri bo­lup, işe baş­la­dy.
Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek me­se­le­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­ler­de uly orun al­dy. Bu ba­bat­da bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň hem-de işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň alyp bar­ýan işi­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di. Ge­çen ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­de üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len türk­men-ma­laý­zi­ýa işe­wür­ler mas­la­ha­ty bu ugur­da oňyn my­sal hök­mün­de gör­ke­zil­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da türk­men-ma­laý­zi­ýa işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň ikin­ji tap­gy­ry­ny ge­çir­mek tek­li­bi be­ýan edil­di.
Mun­dan baş­ga-da ta­rap­lar ulag-üs­ta­şyr ge­çi­riş ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da aý­ra­tyn du­rup geç­di­ler. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan goň­şy ýurt­la­ry­nyň bir­nä­çe­si bi­len hyz­mat­daş­lyk­da Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ugur­lar bo­ýun­ça ulag-üs­ta­şyr ge­çi­riş we lo­gis­tik üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň ut­gaş­dy­ry­lan gör­nü­şi­niň köp şa­ha­ly ul­ga­my­ny dö­red­ýär. Gel­jek­de bu ul­gam Ha­zar deň­zi, Ga­ra de­ňiz, Bal­ti­ka se­bit­le­ri­ne çyk­ýan üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri öz içi­ne alar. Bu bol­sa, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çäk­le­ri­niň üs­ti bi­len Azi­ýa — Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­den Ýew­ro­pa­nyň we Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň ba­zar­la­ry­na bar­ýan iň amat­ly gu­ry­ýer ýo­lu­ny aç­ýar. Umu­man, Türk­me­nis­tan ulag, kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ryn­da, Ha­zar deň­zi­niň ke­nar­ýa­ka üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek­de iri mil­li tas­la­ma­la­ra Ma­laý­zi­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy­ny gol­dar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Ma­laý­zi­ýa­nyň we­kil­le­ri­ni şu ýy­lyň 26-27-nji no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça Äh­lu­mu­my mas­la­ha­ta gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.
Şeý­le hem ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Me­de­ni­ýet ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da hö­kü­me­ta­ra Yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de ge­çen ýy­lyň de­kabr aýyn­da Ma­laý­zi­ýa­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di, 2017-nji ýyl­da bol­sa, Ma­laý­zi­ýa­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni bi­ziň ýur­du­myz­da ge­çir­mek tek­lip edil­di.
Gep­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň, iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry­nyň as­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ma­laý­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­jib Ra­zak Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­tiniň Ma­laý­zi­ýa res­mi sa­pa­ry my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň we Ma­laý­zi­ýa­nyň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy­na gol­la­ry­ny goý­ýar­lar, bu sa­par iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga we tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ma­ga ýar­dam be­rer.
Şeý­le hem Yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­ni­ki hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da Yla­la­şy­ga üýt­get­me­le­ri gi­riz­mek ha­kyn­da­ky Tes­wir­na­ma hem-de Sport ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ba­ra­da Äht­na­ma gol çe­kil­di.
Soň­ra met­bu­gat ýyg­na­gy ge­çi­ri­lip, on­da mil­li Li­de­ri­miz hem-de dost­luk­ly ýur­duň hö­kü­met Baş­ly­gy ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da köp ugur­da öza­ra pi­kir al­şy­lan­dy­gy­ny bel­läp, iki ýur­duň ara­syn­da­ky ok­gun­ly ösü­şe eýe bo­lan söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­de has-da ös­dü­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Mil­li Li­de­ri­miz bu sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Ma­laý­zi­ýa­nyň Par­la­men­ti­niň aşa­ky pa­la­ta­sy­nyň baş­ly­gy Pan­di­kar Amin Ha­ji Mu­lia hem-de bu ýur­duň meş­hur “Pet­ro­nas” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Da­tuk Wan Zul­kif­li Wan Arif­fin bi­len du­şuş­dy. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry Kua­la-Lum­pur­da iki­ta­rap­la­ýyn iş­çi du­şu­şyk­la­ry­nyň, ge­ňeş­me­le­riň bir­nä­çe­si­ni ge­çir­di­ler, ola­ryň bar­şyn­da türk­men-ma­laý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň anyk ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­lar bol­dy.
Şol gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň Do­lan­dy­ryş we ylym uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ins­ti­tu­ty bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň KDU uni­wer­si­te­ti­niň kol­le­ji­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, şeý­le hem Türk­men döw­let ulag we ara­gat­na­şyk ins­ti­tu­ty (TDU we AI) bi­len Kua­la-Lum­pur uni­wer­si­te­ti­niň (UniKL) ara­syn­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da, Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti bi­len “PET­RO­NAS Ça­ri­ga­li (Türk­me­nis­tan) Sdn Bhd” Kom­pa­ni­ýa­sy we “PET­RO­NAS” Kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gik uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma­la­ra gol çe­kil­di.

(TDH-niň habarlary esasynda taýýarlandy).