Ra­hat­ly­gy we ka­şaň­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ulag­la­ry ön­dür­ýän “Cadil­lac”-yň iň tä­ze ula­gy “CT6” mo­de­li iň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edil­di. Bu ulag kom­pa­ni­ýa­nyň hä­zi­re çen­li iş­läp dü­zen iň in­no­wa­si­on ula­gy­dyr. “CT6Pla­ti­num” ula­gy­nyň da­şyn­da 7 sa­ny ka­me­ra otur­dy­lyp­dyr. Bu ka­me­ra­lar ula­gy bar­ýan ýo­lun­dan çyk­maz­ly­ga we gi­je­si­ne öňün­den çy­kyp bil­jek äh­li zat­la­ry sü­rü­jä duý­dur­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem ola­ryň dör­dü­si­ni howp­suz­lyk ka­me­ra­sy hök­mün­de ula­nyp bol­ýar. Ulag du­ran ma­ha­ly kim­dir bi­ri ony el­le­se, mün­mä­ge sy­na­nyş­sa, olar aw­to­mat usul­da ýaz­gy edip baş­la­ýar. Ka­me­ra­lar ula­gyň hem­me ta­ra­py­ny ýaz­ga al­ýar. Hä­zir­ki wagt­da şeý­le teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­len ulag ýok.
Şeý­le hem yz ta­ra­pyn­da­ky ka­me­ra­da­nyň düşürýän şe­ki­li ula­gyň yzy­ny gör­mek üçin ni­ýet­le­nen aý­na­dan görülýär. Bu aý­ra­tyn­lyk hem hä­zir­ki wagt­da hiç bir ulag­da ýok. Em­ma go­laý­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak “Ge­ne­ral Mo­tors”-yň tä­ze elekt­rou­la­gy “Chevro­let Bolt”-da şeý­le aý­ra­tyn­lyk bo­lar.
Sü­rü­ji­niň otur­gy­jy­nyň sa­gyn­da mo­bil en­jam­la­ry bi­rik­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän en­jam bar. Tä­ze ulag­da “Chro­mecast”, “Ro­ku”, “Ama­zon Fi­re TV Stick” ýa-da “App­le TV” en­jam­la­ryn­dan peý­da­la­nyp, “Netf­lix”, “Hu­lu” ýa-da “You­Tu­be” saýt­la­ryn­dan peý­da­la­nyp bol­ýar. USB ara­bag­la­ny­şy­gy ar­ka­ly en­ja­my­ňy­za zar­ýad hem ber­mek müm­kin. Şeý­le hem ulag­da DVD hem-de mag­lu­mat gö­te­ri­ji­den (USB) hem peý­da­la­nyp bol­ýar.
1902-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan ame­ri­kan şe­re­ke­ti­ne 1909-njy ýyl­dan bä­ri “Ge­ne­ral Mo­tors” kom­pa­ni­ýa­sy eýe­çi­lik ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa dö­re­di­len ýyl­la­ryn­dan bä­ri aň­ry­baş ulag­la­ry ön­dür­ýär. Onuň ulag­la­ry hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň 50 tö­we­re­gi ýur­dun­da sa­tyl­ýar. De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da bren­diň müş­de­ri­le­ri has köp.

Ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler

Ulag­da or­naş­dy­ry­lan ult­ra­me­lew­şe sen­sor­lar gi­je­si­ne sü­rü­ji­niň öňün­den çy­kan zat­la­ry gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu aý­ra­tyn­lyk hä­zir­ki wagt­da az san­ly aw­tou­lag­da bar. Em­ma bu ulag­da sen­sor­lar ula­gyň öňün­dä­ki za­dyň nä­me­di­gi­ni anyk ýag­daý­da ek­ran­da gör­kez­ýär. Ula­gyň ba­ha­sy­nyň 53 müň 500 dol­lar bol­jak­dy­gy, “Pla­ti­num” mo­de­li­niň bol­sa, 83 müň 500
dol­lar­dan sa­tyl­jak­dy­gy
ha­bar be­ril­di.