Ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­ri­ni göz­le­ýän bri­tan şe­re­ke­ti “Pavegen” ýö­rän ma­ha­ly­myz ön­dür­ýän ki­ne­tik ener­gi­ýa­dan peý­da­lan­ma­gyň usu­ly­ny oý­lap tap­dy. Ýol­la­ra dü­şe­len üç­burç­luk ört­gü­le­re ba­sy­lan­da elekt­rik ener­gi­ýasyny ön­dür­ýär. Ul­gam üs­tün­den ýö­re­len­de ör­tük ça­la­ja aşak ba­syl­ýar we bu he­re­ke­tiň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýan ener­gi­ýa­ny sak­la­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Lau­rens Kem­ball Kuk bu usul ar­ka­ly ýol­la­ry ýag­ty­lan­dy­ryp bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ol bir ada­myň ýö­rän ma­ha­ly 5 watt­lyk ener­gi­ýa ön­dür­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Şeý­le­lik­de met­ro du­ral­ga­la­ry, mek­dep­ler, köp adam­ly ýol­lar we beý­le­ki köp­çü­lik ýer­le­rin­den has köp ener­gi­ýa ön­dür­mek müm­kin bo­lar. Kom­pa­ni­ýa­nyň iş­läp dü­zen tä­ze ör­tük­le­ri amat­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ony is­len­dik ýe­re dü­şäp bol­ýar. Ol ne­ti­je­li­li­gi bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. 2009-njy ýyl­da onuň dört­burç gör­nüş­li­le­ri ön­dü­ri­lip­di.
Hä­zir­ki wagt­da ener­gi­ýa­nyň al­ter­na­tiw çeş­me­le­ri­niň has ýaý­ra­ýan döw­rün­de bu usu­lyň gys­ga wagt­da ula­ny­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy müm­kin. Şeý­le hem bu usul adam­la­ry ýö­re­mä­ge hö­wes­len­di­rip bi­ler. Ýö­re­mek bol­sa, sag­dyn dur­muş üçin iň köp mas­la­hat be­ril­ýän he­re­ket­dir.
Kem­ball Kuk bu ul­ga­myň di­ňe bir ener­gi­ýa ön­dür­me­gi mak­sat edin­me­ýän­di­gi­ni, şol bir­wag­tyň özün­de adam­la­ryň ün­sü­ni ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga we ony tyg­şyt­la­ma­ga çek­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Ol tu­tuş­ly­gy­na aras­sa çeş­me­le­rin­den peý­da­la­ny­lan ýag­da­ýyn­da hem, eger ony ýer­lik­li ulan­ma­sak, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ýe­ti­ril­jek­di­gi­ni bel­le­ýär.
Bu ul­gam Ýew­ro­pa­nyň iň uly söw­da mer­ke­zi ha­sap­lan­ýan “West­feld”-e ýer­leş­di­ri­lip­dir. In­di bol­sa, ABŞ-nyň San-Fran­sis­ko we Wa­şing­ton ştat­la­ryn­da ýo­la goý­lar. Bu ul­ga­myň beý­le­ki al­ter­na­tiw çeş­me­ler­den ar­tyk­maç ta­ra­py hem bar. My­sal üçin, Gün­den ener­gi­ýa al­mak üçin gü­neş­li ho­wa­nyň bol­ma­gy ze­rur­dyr. Ener­gi­ýa­nyň bu usu­ly üçin bol­sa di­ňe he­re­ke­tiň bol­ma­gy ýe­ter­lik.