“Honda Aircraft Company” kompaniýasynyň “HondaJet” uçary Amerikanyň iň köp gatnawly ugurlarynyň ikisinde tizlik rekordyny täzeledi. Awtoulag we gämi öndürmegi bilen tanalýan “Honda” kompaniýasy awiasiýa pudagynda hem iş alyp barýar. Kompaniýanyň kiçi göwrümli uçary müň milden gowrak aralygy üç sagatdan gysga wagtda geçmegi başardy. Ilkinji “HondaJet” uçary AERO-2016 sergisiniň çäklerinde şu ýylyň aprelinde öz müşderisine gowşurylypdy. Täze uçar Nýu-Jersi ştatynyň Teterboro şäherinden Floridanyň Fort Loderdeýl aralygynda hem-de Massaçusets ştatynyň Boston şäherinden Florida ştatynyň Palm Biç şäheri aralygyny iň gysga wagtda geçdi.
“HondaJet”-iň ilkinji rekordy 9-njy aprelde goýlupdy. Şol gün ol sagat 14:15-de Teterborodan howa göterilip, 16:06-da-da Fort Loderdeýle gondy. Şeýlelikde, ol 960 mil aralygy 43 müň fut (13 müň 106 m) beýiklikde uçup, 2 sagat 51 minutda geçdi. Ýeliň garşysyna we howanyň yssy bolmagyna garamazdan, ol sagatda ortaça, 734 km ýol geçdi. Iň ýokary tizligi 769 km/s boldy.
Boston-Palm Biç aralygyny bolsa, 19-njy iýul güni geçdi. 07:18-de uçuşa başlan uçar 09:16-da ýere gondy. Şeýlelikde, ol 1705 km aralygy 2 sagat 58 minutda tamamlady. Uçar bu aralykda 713 km ortaça tizlik bilen hereket edip, onuň iň ýokary tizligi 782 km boldy. Bu rekordlar ozal gazanylan hem bolsa, Amerikanyň Milli awiasiýa jemgyýeti bu maglumaty golaýda tassyklady. Munuň Şweýsariýadaky Halkara Awiasiýa Federasiýasy tarapyndan dünýä rekordy hökmünde tassyklanmagyna garaşylýar.