30-njy martda Daşoguz welaýatynyň merkezinde 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Medeni paýtagty diýen derejäniň berilmeginiň çäklerinde guralýan çärelere badalga berildi. Türkmenistan indi ikinji gezek Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde özüniň gadymy taryhyny, medeniýetini, oňyn ösüşiň ýolunda häzirki döwürde ýeten derejesini äşgär etmäge mümkinçilik aldy. Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda şeýle dereje Mary şäherine berilipdi. 2016-njy ýylda Daşoguz şäherine Arkalaşygyň medeni paýtagty diýen derejäni bermek hakyndaky çözgüt 2015-nji ýylyň oktýabrynda GDA döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşinde kabul edildi.
Daşoguzyň Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşmak üçin Ruhyýet köşgüne gelenleriň hatarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar bar. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Soňra GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berilýär. Ol döwletara gatnaşyklarynyň netijesi häsiýetde ösdürilýändigi, GDA-nyň çäklerinde we dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi hem-de ýurdumyzda birnäçe iri medeni forumlaryň guralýandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýip yglan edilendigi baradaky sertifikaty şäheriň ýolbaşçysyna gowşurdy.
GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Anatoliý Iksanow dabara gatnaşyjylary bu günki dabara bilen gutlady. Ol “Daşoguz—Arkalaşygyň medeni paýtagty” maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bu şähere baý taryhy-medeni mirasyny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, GDA bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Türkmenistanyň ajaýyplyklaryny halkara derejesinde wagyz etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Wladimir Medinskiý hem dabara gatnaşyjylara özüniň gutlagyny iberdi. Onda ýylyň dowamynda Daşoguzda geçiriljek çäreleriň birek-birege düşünişmek, medeniýetleri utgaşdyrmak we umumy ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wagyz etmek babatda örän ähmiýetlidigi aýdylýar.