Daniýaly alymlar birnäçe ýylyň dowamynda meýletinçileriň saglygyna gözegçilik etdiler. Olar meýletinçileriň fiziki işjeňliginiň derejesine, welosipedde gezelenjiniň ýygylygyna we ýüregagyry howpunyň sebäplerine, şeýle hem gan basyşyna, agramyna, holesteriniň derejesine, iýmitine we beýleki ýagdaýlaryna gözegçilik etdiler.
Geçirilen barlaglar hepdede 1,5 sagat welosipedde gezýänlerde ýüregagyry howpunyň pesdigini görkezdi. Günde 30 minuta çenli welosipedde gezim eden gatnaşyjylaryň arasynda infarkt 15 göterim az bolupdyr. Mundan başga-da hünärmenler welosipediň beýleki peýdaly taraplary barada hem durup geçdiler. Şeýlelikde, 10 ýylyň dowamynda işe welosipedde gatnan meýletinçileriň ýag ýygnama howpy 40 %, gipotoniýa (gan basyş güýjüniň peselmesi) 11 %, süýjükesel 18 % pes bolupdyr. Barlaglaryň awtory Anders Grontwed adamlaryň köpräk welosipedde gezim etmeginiň zerurdygyny öňe sürýär. Şeýle hem ol welosipedçileri sylaglamagyň tarapdary.