u ýy­lyň 16-18-nji no­ýab­ryn­da Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde dün­ýä­niň iri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da V Bü­tin­dün­ýä ha­bar agent­lik­le­ri­niň kong­re­si ge­çi­ril­di. Şeý­le hem kong­re­siň çäk­le­rin­de Azi­ýa we Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti­niň ha­bar­lar agent­lik­le­ri­niň gu­ra­ma­sy­nyň (OANA) we Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň (GDA) döw­let ha­bar­lar agent­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň ХХII mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.
Bu hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­le­re 100-den gow­rak ha­bar agent­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri gat­naş­dy. Olar dün­ýä­dä­ki ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da öza­ra pi­kir alyş­dy­lar. Bu ýyg­na­ga BMG-niň hem-de ÝUNES­KO-nyň me­dia pu­da­gy bo­ýun­ça hal­ka­ra hü­när­men­le­ri gat­naş­dy. Kong­re­siň çäk­le­rin­de “Mag­lu­mat­la­ryň peý­da­la­ny­ly­şy”, “Ha­bar agent­lik­le­ri – tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­ny­ly­şy”, “Ha­bar agent­lik­le­ri­niň in­no­wa­si­ýa­sy”, “Gel­jek­ki mul­ti­me­di­ýa üçin žur­na­list­le­ri taý­ýar­la­mak” ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça bö­lüm­çe­ler­de mas­la­hat­lar ge­çi­ril­di.
OANA-nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­li­si­ne 40-dan gow­rak ha­bar agent­li­gin­den 80-e go­laý we­kil gat­naş­dy. GDA-nyň mas­la­ha­tyn­da-da öza­ra mag­lu­mat alyp-ber­mek, 2016-njy ýyl­da edi­len iş­ler ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.
Ha­bar agent­lik­le­ri­niň Bü­tin­dün­ýä kong­re­si il­kin­ji ge­zek 2004-nji ýyl­da Rus­si­ýa­nyň paý­tag­ty Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip­di. Şon­dan soň­ra bu çä­re Is­pa­ni­ýa­da, Ar­gen­ti­na­da we Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da bol­dy. Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti­niň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň gu­ra­ma­sy (OANA) 1961-nji ýyl­da ÝUNES­KO-nyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­dil­di we se­bit­de ha­bar­lar gul­luk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da köp iş­le­ri alyp bar­ýar. Gu­ra­ma­nyň dü­zü­min­de 35 döw­le­tiň 43 sany ha­bar­lar gul­lu­gy bar.