Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli goşunymyzyň harby bölümlerini söweşjeň taýýarlyk derejesine getirip, görkezme söweş-taktiki tälim beriş hereketlerini geçirmek barada beren Buýrugyna laýyklykda, söweş-taktiki tälim beriş çäreleri dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz görkezme söweş-taktiki tälimleri gözden geçirmek maksady bilen tälim öwreniş meýdanlarynyň birine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz döwrebap harby we ýörite tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdy hem-de goşunyň dürli kysymlarynyň hereketlerini synlady, şol sanda göni wideo aragatnaşyk arkaly beýleki tälim öwreniş meýdanlarynyň çäklerinde hereketlerini synlady.
31-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň bölümleriniň hereketlerini gözden geçirmek maksady bilen, serhetçileriň harby-taktiki tälimleriniň ýaýbaňlandyrylan ýerine bardy.
Bellenilen serhet galasyna gitmek üçin Prezidentimiz dikuçara münüp, Sarahs serhet birikmesine tarap ugur aldy. “Çilkeman” serhet galasynyň çäginde milli Liderimizi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew hasabat berdi. Ol Sarahs serhet birikmesiniň harby gullukçylarynyň söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksadynda kesgitlenen meýilnama laýyklykda, geçirilýän tälim beriş çäreleriniň dowam edýändigi hakynda, şeýle hem serhet galasynyň täze gurlan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna görlen taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, serhet galasynyň şahsy düzümini we bu ýere ýygnananlary Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň “Çilkeman” galasynyň täze gurlan binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz serhet galasynyň baş girelgesine barýar. Şol wagt Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň “Serhet owazlary” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde “Belent Serkerdebaşa şöhrat!” diýen aýdym ýaňlanýar.
Döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesýär hem-de “Çilkeman” serhet galasynyň täze gurlan binalar toplumyny açýar. Soňra milli Liderimiz serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin gurlan jaýlar hem-de bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşmaga başlaýar.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen, toplumyň aragatnaşyk otagyna bardy. Bu ýerde gulluk edýän serhetçi otagyň enjamlaşdyrylyşy, onda oturdylan döwrebap aragatnaşyk serişdeleri hem-de enjamlaryň tehniki häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz serhetçileriň ýatak jaýlaryna baryp gördi. Bu ýerde esgerleriň göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz serhetçileriň durmuş we olaryň ähli zerur serişdeler bilen üpjünçiligi babatda yzygiderli alada edilmegi barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Serhetçileriň ýatak jaýlaryndaky durmuşda ulanylýan zatlaryň ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalarynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren önümleri bolup durýandygy bellärliklidir. Harby gullukçylaryň göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz degişli ugurda geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz serhet galasynyň beýleki gulluk we durmuş ähmiýetli otaglary bilen hem tanyşdy. Durmuş hyzmaty otaglarynyň degişli enjamlar bilen üpjün edilmegi bellärliklidir, harby gullukçylaryň ygtyýarynda baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem bar.
Soňra hormatly Prezidentimiz serhet galasynyň “Galkynyş” otagyna baryp gördi, bu ýerde milli Liderimiz serhetçileri serhet galasynyň täze gurlan binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady.
Şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy, şeýle hem “Çilkeman” serhet galasynyň ýolbaşçysyna serhetçiler üçin niýetlenen täze awtoulagyň açaryny gowşurdy.
Ýeri gelende aýtsak, toplumda serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary bina edilipdir.
Şeýle hem serhet galanyň çäklerinde serhet itleriniň saklanýan we olara tälim berilýän ýöriteleşdirilen ýerleri bolup, olarda serhet itlerine degişli tälim bermek we idetmek işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, bu ýerde serhetde gulluk etmäge niýetlenen bedewler saklanýar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti awtoulagda serhetçileriň söweşjeň türgenleşik geçýän ýerine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzümlerinde bar bolan täze harby tehnikalar hatara goýlupdyr. Döwlet Baştutanymyz serhet galasynyň ygtyýaryna gelip gowşan dürli tehnikalaryň häsiýetli aýratynlyklary, olary ulanmagyň tertibi hem-de ähmiýeti bilen gyzyklandy. Bu ýerde serhetçiler dürli görnüşli söweşjeň tehnikalara, ýaraglara ussatlyk bilen erk edýärler. Olar nyşana ok atmagyň usullaryny kämilleşdirýärler.
Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ussatlyk derejesine baha berip, bu ýerde ulanylýan söweşjeň ýaraglary synlady hem-de serhetçileriň türgenleşikleriň barşynda taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berip, şunda düýpli we jogapkärli çemeleşmäniň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ok atmagyň aýratynlyklary, onuň usullary barada aýtmak bilen, nyşana ok atanyňda, öňi bilen, ýeliň ugruny, onuň tizligini bilmegiň hökmanydygyny aýtdy. Çünki ýeliň atylýan okuň nyşana dogry degmeginde belli dereje täsiri bardyr.
Hormatly Prezidentimiz bellenilen nyşana birnäçe gezek ok atyp, nyşananyň merkezi nokadyna degmegi başardy hem-de söweşjeň ýaraglara erk etmekde nusgalyk görelde boldy. Arhiw maglumatlaryndan mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýetginjeklik ýyllarynda, ýagny 1973-nji ýylda tüpeňden ok atmak boýuça Türkmenistanyň çempiony bolýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň dürli düzümlerine guraýan iş saparlarynda ok atyp, bu ugurdaky ussatlygyny birnäçe gezek mälim edipdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz serhetçileriň okuw tälimlerine üns bilen syn etdi. Eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerini goraýjylar degişli söweşe ýakyn bolan ýagdaýlarda zerur bolan endikleri özleşdirmek boýunça tälimleri yzygiderli geçirýärler. Munuň özi harby gullukçylaryň ussatlygyny ýokarlandyrmaga, harby goşunlaryň bölümleriniň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimiziň atan oklarynyň dürs ýerine ýetirilendigini görkezýän nyşana şu günki şanly wakalardan ýadygärlik hökmünde gol goýup bermegini milli Liderimizden haýyş etdi. Munuň özi serhetçiler üçin ussatlygyň görelde mekdebidir. Döwlet Baştutanymyz nyşana öz goluny goýup, serhetçilere gulluklarynda üstünlik arzuw etdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz meýdan aşhanasynyň üpjünçiligi, bu ýerde işleýän aşpezleriň zähmet şertleri, harby gullukçylar üçin ýörite taýýarlanýan tagamlaryň görnüşleri bilen gyzyklandy.
Şol pursatda serhetçi esgerler günortanlyk nahara çykdylar. Döwlet Baştutanymyz hem meýdan aşhanasynyň naharyny alyp, serhetçiler bilen bilelikde naharlandy. Hormatly Prezidentimiz nahar başynda serhetçileriň gullugy, höwes edýän ugurlary, hünär derejeleri bilen gyzyklandy. Serhetçiler saýlap alan hünäri, gullugy, höwes edýän ugurlary barada gürrüň berdiler.
Şeýle hem serhetçiler döwlet Baştutanymyzyň “Döwlet guşy” romanyndan parçalary okap berdiler. Serhetde gulluk edýän esgerler boş wagtlary çeper döredijilik, aýdym-saz bilen meşgullanýandyklaryny aýdyp, öz döreden goşgularyny, aýdymlaryny aýdyp berdiler, saz çaldylar. Serhetçileriň biriniň öz döreden “Arkadag” atly goşgusy has-da täsirli boldy.
Milli Liderimiz harby borja wepaly bolmagyň örän sogap işdigini belläp, serhetçileriň Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak ýaly hormatly wezipäni ýerine ýetirýändiklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Watanyň maşgaladan başlanýandygyny belläp, ene-ata hormat goýmagyň, maşgalada agzybirligiň, bitewüligiň üpjün edilmeginiň örän hormatly wezipedigini nygtady.
Serhetçiler ýokary derejeli gulluk etmek we göwnejaý dynç almak üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýdyp, öz öňlerinde durýan jogapkärli wezipä abraý bilen hötde geljekdiklerine Belent Serkerdebaşymyzy ynandyrdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow esgerleri we serkerdeleri serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady we olara gullukda uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
(TDH-niň habarlary esasynda taýýarlandy).