Tehnologiýanyň ösmegi gündelik durmuşda adamlaryň işini ep-esli ýeňilleşdirýär. Häzirki wagtda elektron söwdanyň dürli görnüşleri bilen bir hatarda, elektron gapjyklar ýaýbaňlanýar. Hindistanda hem sanlaýyn (digital) pul geçiriminden peýdalanylýar. Ýurtda 500 we 1000 rupiýa möçberindäki banknotlaryň dolanyşykdan aýrylmagy bilen tölegiň uly bölegi elektron gapjyklar arkaly amala aşyrylyp başlandy. Ýurduň raýatlary “Paytm”, “Ola Money” we “Freecharge” ýaly mobil gapjyk applikasiýalaryndan has köp ulanyp başlady. “Ola Money” soňky wagtda mobil enjamlaryna bu applikasiýany geçirip alanlaryň sanynyň barha artýandygyny mälim etdi. Banknotlaryň käbiriniň dolanyşykdan aýrylmagy bilen “Paytm” hyzmatyny ulanýanlaryň sany hem 435 göterim ýokarlanypdyr. Elektron töleg kompaniýasy “Snapdeal”-iň eýeçilik edýän “Freecharge” şereketi öz müşderileriniň salgylaryna baryp, şol ýerde töleg etmäge mümkinçilik berip başlady.