Sport eşik­le­ri­ni ön­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýan “Adi­das” 2015-nji ýy­lyň ap­re­lin­de “Par­ley for the Oceans” at­ly daş­ky gur­şaw gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk yla­la­şy­gy­na gol çe­kip­di. Bu hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ön­dü­ri­len önüm­ler go­laý­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Bu önüm­le­riň aý­ra­tyn­ly­gy ola­ryň de­ňiz­dä­ki zi­bil­le­riň gaý­ta­dan iş­len­me­gi ne­ti­je­sin­de ön­dü­ril­me­gi­dir. “Adi­das” bu hyz­mat­daş­ly­ga he­ma­ýat­kär­lik ed­ýän “Bayern München” we “Re­al Mad­rid” klub­la­ry­ny hem goş­dy.
“Par­ley for the Oceans” gu­ra­ma­sy de­ňiz­le­re we um­man­la­ra taş­la­nan plast­ik zy­ňyn­dy­la­ry­nyň ýyg­nal­ma­gy we ola­ryň önüm­çi­lik­de gaý­ta­dan peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň ala­da­sy­ny ed­ýär. “Adi­das” hem bu gu­ra­ma bi­len ýo­la go­ýan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­sin­de um­man­da­ky zy­ňyn­dy­lar­dan taý­ýar­lan önüm­le­ri­ni köp­çü­li­giň dykgatyna hödürledi.
“Bayern München” we “Re­al Mad­rid” fut­bol klub­la­ry üçin ni­ýet­le­ni­len “Ocean Plas­tic” at­ly köý­nek­çe­ler do­lu­ly­gy­na zi­bil­ler­den ön­dü­ri­lip­dir. Go­laý­da “Bayern München” – “TSG 1899 Hof­fen­heim” to­par­la­ry­nyň du­şu­şy­gyn­da hem fut­bol­çy­lar şol köý­nek­çe­le­ri geý­di. “Re­al Mad­rid”-iň oýun­çy­la­ry bol­sa, 26-njy no­ýabr­da “Spor­ting Gi­jon” to­pa­ry bi­len ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­da il­kin­ji ge­zek ge­ýer­ler.
Köý­nek­çe­ler adat­da­ky­sy ýa­ly gy­zyl we ak reňk­li edi­lip taý­ýar­la­ny­lyp­dyr. Oňa “Adi­das”-yň üç çy­zyk­ly ny­şa­ny we beý­le­ki he­ma­ýat­kär kom­pa­ni­ýa­la­ryň ny­şan­la­ry hem ýer­leş­di­ri­lip­dir.
Bir mil­lion kö­wüş
Yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de kom­pa­ni­ýa kö­wüş hem ön­dü­rer. Il­kin­ji no­bat­da, ön­dü­ril­jek 7 müň “Ult­ra­BOOST Uncaged Par­ley” at­ly kö­wüş di­ňe bel­li dü­kan­lar­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Bren­diň ýol­baş­çy­la­ry bu hyz­mat­daş­ly­gyň do­wam et­jek­di­gi­ni, öňü­miz­dä­ki ýy­lyň ahy­ry­na çen­li um­man­da­ky zy­ňyn­dy­lar­dan bir mil­lion kö­w­şüň ön­dü­ril­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry gel­jek­de çig mal hök­mün­de di­ňe ozal ula­ny­lan plast­ik önüm­le­rin­den peý­da­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler.
“Adi­das”-yň ýol­baş­çy­sy Eric Lýet­ke um­man­lar­dan ýyg­na­lan plast­mas­sa­lar­dan di­ňe kö­wüş däl, eý­sem, köý­nek­çe hem ön­dü­ren­dik­le­ri­ni aýd­ýar. “Par­ley for the Oceans” gu­ra­ma­sy­ny dö­re­den Krill Gutş yla­la­şy­gyň di­ňe jem­gy­ýet­de te­bi­ga­ty aýaw­ly sak­la­ma­gy hö­wes­len­dir­mek­den yba­rat däl­di­gi­ni, şol bir­wag­tyň özün­de onuň bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek üçin hem he­re­ket eden­dik­le­ri­ni we tä­ze usul­la­ry iş­läp dü­zen­dik­le­ri­ni aýd­ýar.
“Adi­das” şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da um­man­lar­da­ky plast­ik ga­lyn­dy­la­ryn­dan peý­da­la­nyp, üç öl­çeg­li çap usu­ly ar­ka­ly sport aýak­ga­by­ny ön­dü­rip­di. Köw­şüň daş­ky gat­la­gy kö­ne­li­şen ba­lyk tu­tul­ýan tor­dan ýa­sa­lyp­dyr. “Adi­das” kom­pa­ni­ýa­sy bu ma­te­ria­ly ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­nyp, çig mal hök­mün­de ula­nyp­dy. Bu aýak­gap sat­lyk üçin däl-de, di­ňe ga­lyn­dy­lar­dan nä­me­le­ri öndürip bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len taý­ýar­la­nyp­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da um­man­la­ry aýaw­ly sak­la­mak üçin uly tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Su­was­ty ýa­şaý­şy go­ra­mak üçin ama­la aşy­ryl­ýan bu tas­la­ma­lar özü­niň oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Tä­ze ta­gal­la­lar hem daş­ky gur­şa­wy aras­sa sak­la­ma­ga, hem-de yk­dy­sa­dy taý­dan peý­da ga­zan­ma­ga ýar­dam ed­ýär.