ÝUNESKO-nyň baş direktory Irina Bokowa Gresiýanyň Afiny şäheriniň 2018-nji ýylda dünýäniň kitap paýtagty boljakdygyny mälim etdi. Şäher bu hormatly derejä okamak medeniýetini we neşirýat işini goldamak boýunça üstünlikli maksatnamalary üçin eýe boldy. Olaryň arasynda ýazyjylar, terjimeçiler we kitap suratkeşleri bilen duşuşyklary geçirmek, konsertleri, sergileri, şahyrana okaýyşlary we neşirýat işi boýunça hünärmenler üçin hünär okuwlaryny guramak ýaly çäreler bar. Şäher hemmeler üçin kitaby elýeterli etmegi niýet edýär.
Şähere hormatly derejäni bermek baradaky karar, Neşirýatçylaryň halkara assosiasiýasy, Kitap söwdagärleriniň halkara federasiýasy, Kitaphana assosiasiýasynyň halkara federasiýasy we ÝUNESKO-ny öz içine alýan Saýlaw komiteti tarapyndan kabul edilýär. Komitetiň agzalary teklip edilýän maksatnamalary, şeýle hem halkara çärelerini guramakda Afinynyň tejribesini göz öňünde tutdular.
Komitet her ýylda kitap okamagy wagyz edýän şähere hormatly derejäni berýär. Bu maksatnama 2001-nji ýylda Madrid neşirýatçylarynyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO tarapyndan ýola goýuldy we häzirki wagtda iri halkara neşirýat assosiasiýalarynyň ýardamy bilen amala aşyrylýar.
Afiny dünýäniň 18-nji kitap paýtagty bolar. Ondan öň, Madrid (2001-nji ýyl), Aleksandriýa (2002-nji ýyl), Nýu-Deli (2003-nji ýyl), Antwerpen (2004-nji ýyl), Monreal (2005-nji ýyl), Turin (2006-njy ýyl), Bogoto (2007-nji ýyl), Amsterdam (2008-nji ýyl), Beýrut (2009-njy ýyl), Lýublýana (2010-njy ýyl), Buenos-Aýres (2011-nji ýyl), Ýerewan (2012-nji ýyl), Bangkok (2013-nji ýyl), Port Harkort (2014-nji ýyl), Inçhon (2015-nji ýyl), Wroslaw (2016-njy ýyl) we Konakri (2017-nji ýyl) ýaly şäherler bu hormatly ada eýe bolupdylar.