Çuňňur hormatlanýan milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda deňiz we derýa ulaglary ulgamy işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Bu ugurda ýolagçy gatnatmagyň we ýük
daşamagyň ösüşi boýunça täze belentliklere ýetildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda edýän tagallalarynyň netijesinde, ýol-ulag düzüminiň ähli ugurlarynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň altyn halkasyna öwrülen ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçirilýär. Bu ugurda ilkinji gezek şeýle ýokary derejedäki halkara forumyň biziň Watanymyzda geçirilmegi ýurdumyzda ýol-ulag ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň alnyp barylýandygynyň hem-de güneşli Diýarymyzyň at-abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi barada gürrüň edilende, suw ulaglary hem-de awtoýollar barada durup geçmegiň maksadalaýyk boljakdygy ikuçsyzdyr.
Ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy suw ulaglary ulgamynda köp işleri alyp barýar. 2010-njy ýylda deňiz söwda floty döredildi. Türkmenistan nebitiň hem-de tebigy gazyň baý gorlaryna eýedir. Bu tebigy baýlyklary tanker görnüşindäki suw ulagy arkaly daşary ýurt bazarlarynda ýerlemek has amatly bolup durýar. Şonuň üçin deňiz söwda flotunyň düzümini kuwwatlandyrmak maksady bilen “Sumbar”, “Hazar”, “Jeýhun”, “Bitarap”, “Etrek”, “Kenar” we “Alaja” ýaly tankerler sargyt edilip, ýurdumyza getirildi. Halkara ülňülerine doly laýyk gelýän bu tankerler arkaly nebit önümlerini öz milli gämilerimiz bilen dünýä bazaryna çykarmak ýola goýuldy. Häzirki wagtda bu tankerler Hazar deňziniň kenaryndaky döwletleriň arasynda halkara gatnawlaryny amala aşyryp, Türkmenistan döwletimize deňiz gatnawlarynyň halkara bazarynda ynamly wekilçilik edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda 320 orunlyk “Çarlak” atly ýokary tizlikli ýolagçy gämisi gojaman Hazarda öz ýüzüşini amala aşyrýar. Şeýle hem milli Liderimiziň baştutanlygynda Ýewropanyň öňdebaryjy zawodlarynda ýasalan döwrebap “Berkarar” hem-de “Bagtyýar” atly RO-PAX derejeli ýük hem-de ýolagçy daşaýan gämileri deňiz söwda flotunyň üstüni ýetirdi. “Berkarar” gämisi 2014-nji ýylyň 5-nji dekabrynda, “Bagtyýar” bolsa, 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda uzak ýol söküp, ýurdumyza getirildi. Olar häzirki zaman tehnologiýasynyň soňky gazananlary esasynda gurlup, deňizde ýokary ýüzüjilik ukybyna eýedir. Döwrebap gämiler daşky-gurşawy goramak babatdaky ähli talaplaryna laýyklykda guruldy.