Ýew­ro­pa­nyň fut­bol meý­dan­ça­la­ryn­da soň­ky hep­de­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň en­çe­me­si ýi­ti hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Adat­ça, iki bas­daş to­pa­ryň ara­syn­da­ky oýun­la­ra “Der­bi” di­ýil­ýär. Soň­ky tap­gyr­da Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy to­par­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň öz ara­la­ryn­da güýç sy­na­nyş­ma­gy ge­çen 7 gün­lü­gi “Der­bi­ler hep­de­si” di­ýip at­lan­dyr­ma­ga esas ber­di.
Ang­li­ýa­nyň Prem­ýer-li­ga­syn­da­ky meş­hur “Man­çes­ter der­bi­sin­den” baş­ga-da bir­nä­çe özü­ne­çe­ki­ji oýun­lar bar. Ola­ryň bi­ri “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” bi­len “Ar­se­na­lyň” ara­syn­da­ky oýun bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da “Çel­si” ker­we­niň ba­şy­ny çek­ýä­nem bol­sa, öň­dä­ki orun­la­ra da­laş ed­ýän at­la­ry ag­za­lan to­par­lar öz ara­la­ryn­da deň­me-deň oý­na­dy­lar. Oýun bi­len bir ha­tar­da Žo­ze Mou­rin­ýo­nyň: “Wen­ger 24 ýyl­da çem­pi­on to­pa­ry dö­re­dip bil­me­di. Men we­li, ba­ry-ýo­gy 4 aý bä­ri iş­le­ýä­rin” di­ýen söz­le­ri ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de iň köp ag­zal­ýan jüm­le­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” bi­len “Ar­se­na­lyň” ara­syn­da­ky oýun ba­ra­da aý­da­ny­myz­da, Ma­ta 68-nji mi­nut­da ýer eýe­le­ri­ni öňe çy­kar­dy. Esa­sy wag­tyň ta­mam­lan­ma­gy­na 1 mi­nut ga­lan­da Ži­ru ha­sa­by deň­läp, “Ar­se­na­ly” ýeň­liş­den ha­las et­di.
Soň­ky ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ug­run­da­ky gö­reş­de “Ba­wa­ri­ýa” ýa­zyl­gan­lyk ber­me­ýän Dort­mun­dyň “Bo­rus­si­ýa­sy” 11-nji tap­gyr­da eze­li bäs­de­şi­ni ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şu möw­süm­de mýun­hen­li­le­ri il­kin­ji ge­zek ýe­ňil­mä­ge mej­bur eden go­ly 11-nji mi­nut­da Oba­me­ýang to­ra sal­dy. Bu ýe­ňiş “Bo­rus­si­ýa” 3-nji or­na, “Leýp­si­ge” hem 1-nji or­na geç­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň 10-njy şä­he­ri bo­lan Leýp­si­giň ady­bir to­pa­ry «Bun­des­li­ga­da» ker­we­niň ba­şy­ny çek­mek bi­len, bü­tin Ýew­ro­pa­da uly go­wur tu­ruz­ýar. 2009-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan bu to­pa­ryň Ger­ma­ni­ýa­nyň gün­do­gar se­bit­le­rin­dä­ki to­par­la­ryň ara­syn­da hem iň üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýän­le­riň bi­ri hök­mün­de ag­za-di­le düş­ýän­di­gi­ni aýt­mak ge­rek. “Leýp­sig” to­pa­ry­nyň şwe­si­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy­sy Emil Fors­berg 11-nji tap­gy­ryň iň ne­ti­je­li oýun­çy­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, myh­man­çy­lyk­da “Ba­ýer­den” (3:2) üs­tün çy­kyl­ma­gy­na my­na­syp go­şan­dy­ny goş­dy.
Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty ha­kyn­da gür­rüň edi­len­de, il­ki Gar­ri Li­ne­ke­riň: “Fut­bo­ly 22 adam oý­na­ýar, ýö­ne my­da­ma ne­mes­ler ýe­ňiş ga­zan­ýar” di­ýen meş­hur jüm­le­si ýa­dy­ňa düş­ýär. Is­pa­ni­ýa­nyň «La-li­ga­sy­nyň» ta­ry­hyn­da iň köp çem­pi­on bo­lan to­par­lar “Bar­se­lo­na” bi­len Mad­ri­diň “Rea­ly­na” al­tyn me­dal ug­run­da­ky gö­reş­de “da­wa sal­ýan” “At­le­ti­ko” şu möw­süm­de şow­suz oý­na­ýar. Di­ýe­go Si­meo­ne­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky iň ne­ti­je­siz möw­süm­le­riň bi­ri­ni baş­dan ge­çir­ýän “At­le­ti­ko” 3:0 ha­sa­byn­da utul­dy. Ro­nal­do­nyň to­ra sa­lan 3 pök­gü­si «Mad­rid der­bi­sin­de» “Rea­la” uly ha­sap bi­len ýeň­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.
Ita­li­ýa­da Mi­lan şä­he­ri­niň to­par­la­ry ýa­ryş tab­li­sa­syn­da haý­sy or­ny eýe­le­ýä­nem bol­sa, ola­ryň ara­syn­da­ky oýun bü­tin dün­ýä­niň üns mer­ke­zin­dä­ki du­şu­şy­ga öw­rül­ýär. No­bat­da­ky “Mi­lan der­bi­sin­de” 1986-njy ýyl­dan bä­ri Sil­wio Ber­lus­ko­ni ta­ra­pyn­dan eýe­lik edi­len “Mi­lan” to­pa­ry­nyň jan­kö­ýer­le­ri bu fut­bol ýol­baş­çy­sy­na ban­ner ar­ka­ly min­net­dar­lyk bil­dir­di­ler. Ber­lus­ko­ni­niň döw­rün­de 18 ge­zek dür­li ýa­ryş­lar­da ýe­ňi­ji bo­lan “Mi­lan” eze­li bäs­de­şin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da baý­rak­ly orun­lar ug­run­da gö­reş alyp bar­ýar. Şo­nuň üçin “In­te­riň” oýun­çy­sy Pe­ri­şiň emi­niň esa­sy wag­ta go­şan 2-nji mi­nu­tyn­da ha­sa­by deň­läp, öz to­pa­ry­ny ýeň­liş­den ha­las eden­di­gi­ni geň­läp otu­ra­sy iş ýok. Ne­ti­je­de, bu der­bi 2:2 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy.
Fran­si­ýa­da il­kin­ji 3 or­na eýe­lik ed­ýän “Nis­sa”, “Mo­na­ko” we PSŽ to­par­la­ry ag­zy­bir­lik bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp, bir tap­gyr mun­dan ozal eýe­län orun­la­ry­ny go­rap sak­la­dy­lar. Ola­ryň il­kin­ji 2-si myh­man­çy­lyk­da de­giş­li­lik­de, “Lor­ýan” bi­len “Sent-Et­ýe­ni” ýeň­se, paý­tagt­ly­lar öz meý­dan­ça­syn­da “Nant­dan” 2:0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy­lar.
Tür­ki­ýä­niň su­per­li­ga­syn­da adat­ça, Stam­bu­lyň “Ga­la­ta­sa­raý”, “Be­şik­taş” ýa-da “Fe­ner­bah­çe” to­par­la­ry çem­pi­on­ly­ga da­laş et­se, 11 tap­gyr­dan soň “Is­tan­bul” to­pa­ry ker­we­niň ba­şy­ny çek­ýär. 2-nji or­na eýe­lik ed­ýän “Be­şik­taş” myh­man­çy­lyk­da “Ada­na­ny” 1:2 ha­sa­byn­da ut­sa, “Fe­ner­bah­çe” ýer­li der­bi­de üs­tün çy­kyp, eýe­le­ýän or­nu­ny go­rap sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Ge­çen möw­süm­de ku­bo­gyň fi­na­lyn­da “Ga­la­ta­sa­raý” “Fe­ner­bah­çe­den” üs­tün çy­kyp­dy. Su­per­li­ga­nyň 11-nji tap­gy­ryn­da ku­bo­gyň eýe­si eze­li bäs­de­şin­den as­gyn gel­di. “Fe­ner­bah­çe” to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ryň iki­si­nem Wan Per­si to­ra sal­dy.
Ýew­ro­pa­nyň ýa­şyl meý­dan­ça­la­ryn­da gy­zyk­ly fut­bol ýa­ryş­la­ry do­wam ed­ýär. Diý­mek, jan­kö­ýer­le­re özü­ne­çe­ki­ji oýun­la­ryň ýe­ne-de en­çe­me­si ga­raş­ýar di­ýip ynam­ly aýt­mak bo­lar.