Is­pa­ni­ýa­nyň “Bar­se­lo­na” to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de çy­kyş ed­ýän ar­gen­ti­na­ly Lio­nel Mes­si şu hep­dä­niň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň to­par­ça­la­ryn­da­ky 5-nji tap­gy­ryn­da “Sel­tik” to­pa­ry­nyň der­we­ze­si­ne 2 pök­gi girizip, hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki du­şu­şyk­lar­da tora salan gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 100-e ýe­ti­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. Ol bu pök­gü­le­riň 92-si­ni Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň, 5-si­ni to­par­la­ryň ara­syn­da­ky dün­ýä çem­pio­na­tyn­da, 3-si­ni bol­sa, Ýew­ro­pa­nyň Su­per ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş­da ge­çir­me­gi ba­şar­dy. Ol 119 du­şu­şyk­da 100 ge­zek ta­pa­wut­lan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di.
Bu ugur­da ikin­ji orun­da Madridiň “Re­al” to­pa­ry­nyň hü­jüm­çi­si Kris­ti­an Ro­nal­do bar­ýar. Onuň tora salan pök­gü­le­ri­niň sa­ny 99-a ýet­di. Ro­nal­do Por­tu­ga­li­ýa­nyň “Spor­ting”, Ang­li­ýa­nyň “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” hem-de Is­pa­ni­ýa­nyň “Re­al” to­par­la­ry­nyň dü­zü­min­de oý­nan 141 du­şu­şy­gyn­da ta­pa­wut­lan­ma­gy ba­şar­dy.