Şu günler ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde küşt täji ugrundaky bäsleşik dowam edýär. Bu başa-baş duşuşykda norwegiýaly dünýä çempiony Magnus Karlsen bilen russiýaly Sergeý Karýakin güýç synanyşýar. Olaryň arasyndaky bäsleşigiň ilkinji tapgyrlarynda deňme-deňligiň saklanmagy küştsöýüjilere, meger, “Meşhur 2K” ady bilen taryha giren Anatoliý Karpow bilen Garri Kasparowyň arasyndaky bäsleşigi ýatladandyr.
Küşt bilen azda-kände gyzyklanýanlaryňam Karpow bilen Kasparowyň arasyndaky küşt täji ugrundaky oýunlary ýadyndadyr. Sebäbi bilermenler tarapyndan “2K” diýlip atlandyrylan bu iki grossmeýsteriň taryhy duşuşyklary 1984-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda başlanyp, ýarym ýyl çemesi wagtlap bütin dünýäniň üns merkezindäki waka öwrülipdi.
Şonda ýaryşyň düzgünine görä, küşt täjine 6 sapar ýeňen tarapyň eýe boljakdygy mälim edilipdi. Bu taryhy bäsleşigiň başynda “ýüňi ýeten” küştçi hasaplanýan tejribeli Anatoliý Karpow 4 ýeňiş gazanýar. Şondan soňra Garri Kasparow biraz özüni dürsäp, bäsdeşini deňlige “boýun etmäge” başlaýar. Azy ýaran küştçi üçin islendik bäsdeşi bilen “Grossmeýster deňligini” gazanmak kyn düşmeýär. Deňme-deň oýnamak iň bolmanda, ýeňiş gazananyňdan aňsat. Şeýlelikde, bassyr 17 tapgyrda deňlik hasaba alynýar. Şondan soňra Karpow ýene bir ýeňiş gazanýar.
Ýaş grossmeýster Kasparow 4 deňlikden soň, ahyry ilkinji ýeňşini gazanýar. Hasap 5:1 bolýar. Şondan soňra ýene-de 14 döw deňlikde tamamlanýar. Bassyr 14 deňlikden soňra Kasparow özüne görä tejribeli, emma ýaşy uly bäsdeşini argynlyga salyp, bassyr 2 gezek ýeňiş gazanýar. 48-nji döwden soň, hasap 5:3-e ýetýär. Şeýlelikde, küşt täji ugrundaky bäsleşik ýarym ýyla çenli uzap gidýär.
Bäsleşik şu ýere ýetende, FIDE-niň prezidenti Florensio Kampomanes küşt täji ugrundaky duşuşyklary ýeňijini belli etmezden ýatyrmak baradaky kararyny mälim edýär. Bu bolsa, iki tarapa hem ýaramaýar. Karpow özüniň sözüň doly manysynda çempiondygyny subut etmek islese, Kasparow ýeňiş gazanmak mümkinçiligini elinden alandyklaryny aýdyp, nägilelik bildirýär. Emma barybir bu bäsleşik gutarylman togtadylýar.
Karpow bilen Kasparowyň arasyndaky bäsleşik soňlugy bilen, üstünlikli dowam etdirilip, dünýäniň 12-nji çempiony Anatoliý Karpow soňky bäsleşiklerde çempionlygyny gorap bilmeýär. Netijede, Garri Kasparow dünýäniň iň ýaş çempiony hökmünde taryha girýär.
Häzirki wagtda dowam edýän küşt täji ugrundaky bäsleşikde güýç synanyşýan Karýakin bilen Karlseniň arasyndaky duşuşygyň 8-nji döwe çenli deňme-deňlikde dowam etmegi, megerem, uly ýaşly janköýerlerde “Meşhur 2K” ady bilen taryha giren Karpow bilen Kasparowyň arasyndaky bäsleşikleri ýada salýandyr.
Nýu-Ýorkda dowam edýän küşt täji ugrundaky bäsleşigiň 8-nji döwünde russiýaly grossmeýster Sergeý Karýakin norwegiýaly dünýä çempiony Magnus Karlseni ýeňmegi başardy. Bu barada ýazylan synlaryň birinde: “Şu bäsleşikleriň dowamynda ikinji gezek Karlsen perziniň öňündäki pyýada bilen başlap, Rubinşteýniň hüjümini amala aşyrmak isledi. Emma duşuşygyň ortalarynda birnäçe gezek säwlik goýberip, gara mallar bilen oýnaýan garşydaşyna howply hüjümi ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Netijede, 53-nji göçümde Karlsen utulandygyny boýun almaly boldy. Bu döw 5 sagatdan hem köpräk wagt dowam etdi” diýlip ýazylýar.
Ýene-de “2K”, ýagny Karýakin bilen Karlsen küşt täji ugrunda göreşýär. Emma olaryň arasyndaky bäsleşik hiç bir tarapdan ozalky “2K”, ýagny Karpow bilen Kasparowyň arasyndaky bäsleşige meňzemez. Sebäbi olaryň hersi bir döwrüň ýetişdiren grossmeýsterleri.
Iň esasy bolsa, küşt täji ugrundaky bäsleşikleriň düzgünnamasy hem biri-birinden tapawutly. 8-nji döwde Karýakiniň, 10-njy döwde bolsa Karlseniň ýeňmegi bilen duşuşyk has-da ýitileşdi. Indi janköýerleri küşt täjine kimiň mynasyp boljakdygy gyzyklandyrýar. Bäsleşik bolsa gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.