Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji nobatdakysyny—Atamyrat-Ymamnazar-Akina bölegini ulanmaga bermek mynasybetli Lebap welaýatynda geçirilen dabaralar owgan topragynda dowam etdi. Ozal habar berlişi ýaly, bu dabaralar Akina demir ýol bekedinde geçirildi. Şol ýere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Ymamnazar bekedinden otlyda gelip, täze demir ýoluň ilkinji ýolagçylary boldular.
Şol dabaranyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlary söz sözlediler. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda ýurdumyzyň doganlyk Owganystany parahatçylykly we gülläp ösýän döwlet, sebitiň ähli ýurtlarynyň hoşniýetli goňşusy hem-de hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýändigini aýtdy.
Şoňa görä-de, biz owgan halky bilen bilelikde ykdysady we durmuş ähmiýetli taslamalary mundan beýläk-de amala aşyrarys. Ýollary, turba geçirijileri, elektrik geçiriji ulgamlary, hassahanalary we mekdepleri gurarys. Bu bolsa, parahatçylygy, abadançylygy we gülläp ösüşi üpjün eder diýip, türkmen Lideri belledi.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň köp sanly mysallary bar. Şolaryň hatarynda, elbetde, iri möçberli we uzak möhlete niýetlenen halkara energetika taslamasy bolan «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanmagy möhüm orny eýeleýär.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň indi 20 ýyl bäri Owganystanyň doganlyk halkyna elektrik toguny elýeterli bahadan berip gelýändigini belledi. Ylalaşygyň esasynda häzirki wagtda 100 megewat bolsa, indiki ýyl bu görkeziji 150-ä, 2018-nji ýylda bolsa ol ylalaşyk esasynda 300 megawata ýetiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýap-ýaňyja owgan kärdeşiniň bu sany 500-e ýetirmegi haýyş edendigini aýtdy. “Eger-de, doganlarymyza gerek bolsa 500-e hem ýetireris” diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.
Milli Liderimiz ýylda 33 milliard kub metr gazy geçirmäge ukyply Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi barada durup geçip, bu üstaşyr gaz geçirijisi üçin Owganystana ortaça ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan hem gowrak girdejiniň geljekdigini aýtdy. Gaz geçirijisiniň ugrunda ençeme zerur desgalar – zawodlar, gaz gysyjylar, arassalaýjylar gurlar. Owgan doganlarymyz üçin 12 müňden gowrak iş orunlary dörediler.