asgabat2asgabat3Hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen ählumumy başlangyçlary esasynda paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Oňa dünýäniň syýasy we ykdysady jemgyýetçiliginiň ýokary derejeli wekilleri ýygnandy. Maslahata gatnaşyjylar onuň borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklap, Aşgabat Beýannamasyny biragyzdan kabul etdiler.
Mälim bolşy ýaly, bu halkara forum Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüşi ilerletmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatdaky borçnamalaryň aýrylmaz bir bölegi hökmünde BMG-niň Baş sekretary taryhda ilkinji gezek Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty geçirmäge çagyrdy.
Maslahatda ulaglaryň ähli görnüşlerine – awtomobil, demir ýol, howa, gämi we deňiz ulaglaryna hem ýolagçy hem-de ýük ulaglary hökmünde garaldy we bu babatda ösýän ýurtlaryň, deňze çykalgasy bolmadyk hem-de ösýän kiçi ada döwletleriň meselelerine üns berildi.
Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar adamlaryň hem-de jemgyýetleriň iş orunlaryna, mekdeplere we lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmekde, şeýle hem oba we şäher ilatyna harytlary we hyzmatkary ýetirmekde durnukly ulag ulgamynyň ornunyň möhümdigini tassyklap, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ilerletmäge ygrarlydygyny tassykladylar.
Mundan başga-da halkara forumyň wekilleri durnukly ösüşi has-da pugtalandyrmak üçin birleşen multimodal ulag-üstaşyr ulgamlaryň hem-de geçelgeleriň üstünde işlemegiň zerurdygyny belläp geçdiler. Gatnaşyjylar ulag ulgamlary tarapyndan bölünip çykarylýan zyýanly gazlary azaltmak boýunça Pariž ylalaşygyny berjaý etmek babatdaky borçnamalaryň ýerine ýetirmegiň möhümdigini tassykladylar.
Maslahatyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda ulag ulgamynyň söwdanyň hem-de syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýändigini, mundan başga-da ýurtlaryň jemi içerki önümine önjeýli goşant goşýandygy, iş orunlaryň döredilmegine, döwletleriň býujetleriniň artmagyna oňyn täsirini ýetirýändigi bellenip geçildi.
Umuman, maslahata gatnaşyjylar ýokaryda agzalan ugurlar boýunça ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegi babatda Aşgabat Beýannamasynyň möhüm halkara resminamasy bolup çykyş etjekdigini mälim etdiler. Şeýle hem olar şol Beýannamanyň ahyrynda mähirli kabul edilendigi, durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty taýýarlamakdaky we gurmakdaky giň goldawlary üçin Türkmenistanyň Prezidentine, Hökümetine hem-de halkyna tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdiler.
Hakykatdanam, paýtagtymyz Aşgabat noýabr aýynyň ahyrky günlerinde halkara jemgyýetçiliginiň hem-de dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni gönükdiren ýerine öwrüldi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen geçirilen halkara forum hem-de onuň yzysüre ählumumy ulag başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasyna öwrülen Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji tapgyrynyň açylmagyna bagyşlanan dabara ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrdy.