Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da şu hep­dä­niň ahy­ryn­da, ýag­ny, 4-nji de­kabr­da pre­zi­dent saý­la­wy ge­çi­ri­ler. Ýur­duň ra­ýat­la­ry tä­ze döw­let baş­tu­ta­ny­ny saý­la­mak üçin saý­la­wa gat­na­şar. Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ýurt­da wag­tyn­dan öň, ýag­ny şu ýy­lyň 24-nji no­ýab­ryn­da ses ber­mek çä­re­si baş­lan­dy. Hä­zi­re çen­li 35 müň adam ses be­rlişige gat­naş­dy.
Şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ýur­duň il­kin­ji Pre­zi­den­ti ara­dan çyk­dy. Şon­dan soň­ra ýur­dy wagt­la­ýyn do­lan­dyr­mak we­zi­pe­si Prem­ýer-mi­nistr Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň üs­tü­ne ýük­le­nil­di. Öz­be­gis­ta­nyň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry şu ýy­lyň 4-nji de­kab­ryn­da pre­zi­dent saý­la­wy­ny ge­çir­mek ba­ra­da ka­rar ka­bul et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny 5 ýyl­lyk möh­le­te saý­lan­ýar. Wag­tyn­dan öň baş­la­nan saý­law­lar 2-nji de­kab­ra çen­li do­wam eder.
Ýur­duň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, Öz­be­gis­ta­nyň ra­ýat­la­ry bel­li se­bäp­le­re gö­rä, esa­sy saý­law gü­ni ses ber­mä­ge gat­na­şyp bil­me­ýän bol­sa, on­da olar wag­tyn­dan öň ses ber­mä­ge müm­kin­çi­lik al­ýar. Bu çä­re saý­law­lar­dan 10 gün öň baş­lap, on­dan bir gün öňem ta­mam­lan­ýar.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Öz­be­gis­tan­da pre­zi­dent saý­la­wy üçin 9381 müň saý­law uças­to­gy dö­re­di­lip, ola­ryň 44-si da­şa­ry ýurt­lar­da­ky Öz­be­gis­ta­nyň we­kil­ha­na­la­ryn­da açyl­dy. Saý­law­lar­da 21,435 mil­li­on saý­law­çy­nyň ses ber­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Ýurt­da he­re­ket ed­ýän sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň dör­dü­si döw­let baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si üçin da­laş­gär hö­dür­le­di. Öz­be­gis­ta­nyň Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy ýur­duň Pre­zi­den­tiniň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wi da­laş­gär gör­ke­zen bol­sa, mil­li par­la­men­ti­niň aşa­ky pa­la­ta­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Sar­war Ota­mu­ra­dow «Mil­liý tik­la­niş» mil­li de­mok­ra­tik par­ti­ýa­syn­dan, Na­ri­mon Uma­row So­si­al de­mok­ra­tik par­ti­ýa­syn­dan, Ho­tam­jon Ket­ma­now bol­sa, Halk de­mok­ra­tik par­ti­ýa­syn­dan da­laş­gär gör­ke­zil­di.