1994-nji ýyl­da in­ter­net ar­ka­ly ki­tap söw­da­sy­ny ýo­la go­ýan “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy wag­tyň geç­me­gi bi­len dür­li ha­ryt­la­ry müş­de­ri­le­ri­niň sal­gy­sy­na el­tip be­rip baş­la­dy. In­di bol­sa, kom­pa­ni­ýa “Vehicles” hyz­ma­ty ar­ka­ly aw­tou­lag sa­tu­wy­ny ýo­la goý­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär. Hä­zir­ki döwürde aw­tou­lag sa­tyn al­mak is­le­ýän­ler ýö­ri­te ba­za­ra ýa-da dü­ka­na däl, eý­sem, il­kin­ji no­bat­da, in­ter­ne­te ýüz tut­ýar­lar. Se­bä­bi onuň hö­dür­le­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri has ýo­ka­ry. “Ama­zon” hem müş­de­ri­le­ri­ne has uly ýe­ňil­lik­le­ri dö­ret­mek is­le­ýär. Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de iş alyp bar­ýan “Fi­at” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy bu hyz­ma­ty­ny hä­zir­lik­çe di­ňe ita­li­ýa­ly müş­de­ri­le­ri­ne hö­dür­lär. “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy “Fi­at”-yň 500, 500L we “Pan­da” mo­del­le­ri­ni gö­nü­den-gö­ni in­ter­net ar­ka­ly sat­ma­gy mak­sat edin­ýär. Üs­te­si­ne-de bu ulag­la­ry ba­zar ba­ha­syn­dan 33 gö­te­rim ar­zan sa­tar.
“Fi­at” müş­de­ri­niň sar­gy­dy­ny in­ter­net ar­ka­ly tö­le­gi­ni ge­çi­ren­den soň­ra, iki hep­dä­niň do­wa­myn­da onuň sal­gy­sy­na el­tip ber­ýär.
Dü­kan­lar ara­dan aý­ryl­maz
Bu kam­pa­ni­ýa ar­ka­ly ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de sa­tu­wy bir­ne­me pe­se ga­çan “Fiat”-yň aw­tou­lag­la­ry­na is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. “Eger-de otu­ran ýe­ri­miz­den has ar­zan ba­ha­dan aw­tou­lag sa­tyn alyp bol­ýan bol­sa, on­da ýö­ri­te aw­tou­lag dü­kan­la­ry nä­mä der­kar?” diý­lip, pi­kir edil­me­gi müm­kin. Bu söwda nokatlarynyň ýa­pyl­jak­dy­gy­ny aň­lat­ma­ýar. Mysal üçin, in­ter­net ar­ka­ly sar­gyt ka­bul ed­ýän “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy dü­kan­la­ry do­lu­ly­gy­na ara­dan aýyr­mak is­le­ýär. Ol ulaglary üçin öňünden sargyt kabul edýär. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, is­len­dik müş­de­ri öz al­jak za­dy­ny ýa­kyn­dan gör­mek is­le­ýär.