Formula 1 boýunça dünýä çempionatynda 2016-njy ýylyň çempiony “Mersedes” toparynyň germaniýaly sürüjisi Niko Rosberg boldy. Ol Abu Dabide geçirilen möwsümiň iň soňky ýaryşynda 2-nji ýeri eýeläp, ornuny saklamagy başardy. Şunlukda, Niko Rosberg karýerasyndaky ilkinji ýeňşini baýram etdi.
Ýylyň 21-nji bäsleşigi bolan Abu Dabi “Gran Prisinden” öň sanawyň lideri Rosbergiň 367, Hamiltonyň 355 utugy bardy. Bu bolsa nemes pilotyna çempion bolmak üçin 2-nji, hatda 3-nji orun hem ýeterlik diýmekdi. 1-nji bolmak gaty bir hökmanam däldi. Bu hut şeýle-de boldy.
Mundan öňki 3 ýaryşda ýeňiş gazanyp, çempionlygyň dartgynyny soňky ýaryşa çenli uzaltmagy başaran Lewis Hamilton Abu Dabide iň öňdäki hatardan bat aldy. Netijede, soňky 5 aýlawy örän dartgynly we çekeleşikli geçen bäsleşikde Hamilton 1-nji ýeri eýeledi. Ol 5 müň 554 kilometrlik “Ýas Marina” trassasynda geçirilen 55 aýlawy 1 sagat 38 minut 04,013 sekuntda tamamlap, şu ýylky 10-njy, karýerasyndaky 53-nji ýeňşini gazandy. Ýöne bu ýeňşiň gaty bir ähmiýeti bolmady. Sebäbi Hamiltondan 0,4 sekunt yza galan Niko Rosberg 2-nji, 0,8 sekuntlyk az netije görkezen Sebastian Wettel 3-nji ýeri eýeledi. Bu bolsa bassyr 3 möwsümden bäri çempionyň topary üýtgemese-de, sürüjisi üýtgedi. Ýagny Hamiltondan 5 utuk artyk toplan Niko Rosberg 10 ýyllyk F1 karýerasyndaky ilkinji çempionlygyny gazandy. Şeýlelikde, utugyny 385-e çykaran 31 ýaşyndaky Niko Rosberg Formula 1-de çempion bolan 33-nji sürüjidir. Galyberse-de, ol muny başaran Mihael Şumaherdir Sebastian Wettelden soň, 3-nji germaniýaly pilot boldy. Niko Rosberg şu möwsümde 9, jemi karýerasynda 23 gezek pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bu ýyl 8 gezek 2-nji, 6 saparam 3-nji bolup, özünde 1 san artyk ýeňiş gazanan Hamiltony yzda galdyryp çempion boldy.
Abu Dabi “Gran Prisi” 2 sürüjiniň – braziliýaly Felipe Massanyň (“Williams”) hem-de 2009-njy ýylyň çempiony, britaniýaly Jenson Battonyň (“MakLaren”) F1-däki soňky ýaryşy bolup, olar karýeralaryny tamamladylar. Bu bäsleşikde Massa 9-njy ýeri eýelän bolsa, Batton ulagynda dörän näsazlyk sebäpli 12-nji aýlawda ýaryşdan çykdy.
Toparlaryň arasynda “Mersedesiň” çempion bolanyna köp wagt boldy. 765 utuk toplan “Mersedes” eýýäm 3-nji möwsümi ýeňiş bilen tamamlady.