Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüni ýetirdi. Bu çözgüt Efiopiýada geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça komitetiniň mejlisinde kabul edildi.
Nowruz baýramyny ÝUNESKO-nyň Sanawyna girmek baradaky degişli başlangyç döwletleriniň bir toparyndan – Azerbaýjandan, Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Yrakdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan gelip gowuşdy, bu ýurtlarda bu gadymy baýram baharda, gije-gündiziň deňleşýän döwri bellenilýär.
Addis-Abebada geçirilen bu mejlise gatnaşyjylar maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizmek boýunça täze teklipleriň 37-sine garadylar, olar giňden ýaýran däp-dessurlary we döredijilik ýollaryny – aýdym aýtmagy, adatlary hem-de baýramçylyklary öz içine alýar.
24 ýurtdan bilermenler maddy däl medeni mirasyň iki sanawynyň üstüni ýetirmek üçin ses berdiler. Olaryň birine gyssagly goralmagyna degişli desgalar girýär. Beýlekisine dünýämiziň medeni baýlygyny alamatlandyrýan däp-dessurlar we adatlar girýär, olara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek zerurdyr. Häzirki güne çenli bu sanawda 336 desga görkezilýär.
“Nowruz baýramynyň çäklerinde dürli däp-dessurlar berjaý edilýär, aýratyn tagamlar taýýarlanylýar, adamlar biri-biriniňkä maşgala bolup myhmançylyga barýarlar, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýarlar we köpçülikleýin dabaralary guraýarlar” diýlip, ÝUNESKO-nyň habarynda bellenilýär. Bu baýramyň esasy alamatlaryň biri semenedir – ol bugdaýyň maýsalaryndan taýýarlanýan tagamdyr.
2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda maddy däl medeni miras hakyndaky Konwensiýany tassyklan ýurtlaryň başlangyçlary boýunça maddy däl medeni mirasyň 76 sany dünýä ähmiýetli desgalarynyň hatarynda Nowruz baýramy hem ÝUNESKO-nyň halkara sanawyna goşuldy hem-de bu baýramy gorap saklamak we belläp geçmek boýunça ýörite kararnama kabul edildi.
Soňra BMG-niň 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda geçirilen 64-nji Baş Maslahatynyň barşynda BMG-niň Nowruzy Halkara baýramy diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýa kabul edildi, bu baýram baharda, gije-gündiziň deňleşýän döwri – 21-22-nji martda bellenilýär.
Geçen ýyl ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň mejlisi Namibiýada geçirildi hem-de ol maddy däl medeni mirasyň sanawyna “Görogly” şadessanyny girizdi.