Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti Türkmenistana nobatdaky saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri bilen tanyşdy. Iri maliýe düzümiň bilermenleri makroykdysady ýagdaýa baha berdiler hem-de döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri we diplomatik bileleşiginiň wekilleri bilen milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
HPG-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Martin Sommer Aşgabada saparynyň jemleri boýunça metbugat üçin beýannama berdi. Onda daşary ýurtlardan getirilýän harytlary olaryň ornuny tutýan ýerli önümler bilen çalşyrmak hem-de daşary ýurtlara önümleri ibermegi höweslendirmek boýunça Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň işjeň çäreleri bellenilýär. Munuň özi biziň ýurdumyza daşarky ýaramaz şertleriň täsirini ep-esli ýumşatmaga mümkinçilik berdi.
Hususan-da, Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirýän ýagdaýlaryň arasynda uglewodorod çig malynyň pes bahalary hem-de söwda boýunça hyzmatdaş ýurtlarda ykdysady ösüşiň haýal depginleri görkezildi. Şunda bellenilişi ýaly, türkmen ykdysadyýetiniň uglewodorod däl ulgamlarynyň ösmegine döwlet Baştutanymyzyň pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen goldamaga gönükdirilen karz we düzüm syýasatynyň çäreleri ýardam etdi.
HPG-niň habarynda Türkmenistanyň resmi edaralarynyň daşarky wehimleri kadalaşdyrmak boýunça işjeň çäreleri gördüler, uglewodorod pudagyna täze strategik maýa goýumlarynyň çäklerinde, şeýle hem ýerli işewürligi ösdürmäge uly möçberdäki maliýe serişdelerini gönükdirmek arkaly içerki önümçiligi höweslendirmek güýçlendirildi diýlip bellenilýär.
HPG-niň bilermenleri döwlet çykdajylarynyň netijeliligini artdyrmak, bank kadalaşdyrmasyny kämilleşdirmek hem-de töwekgelçilikleriň öňüni almak maksadynda gözegçilik etmek babatda geljekki ösüşiň mümkinçiliklerini belleýärler, ýurduň durnukly ykdysady ösüşini we onuň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etmek maksadynda hususy pudagy ösdürmegiň maksadalaýyklygyny belleýärler.
HPG-niň ykdysady syýasatyň meseleleri we mümkinçilikleri ösdürmegiň maksatnamalary, şol sanda makroykdysady statistika hem-de çaklama, pul-karz amallary we salgyt-býujet syýasaty babatda meseleler boýunça maslahatlary bermek arkaly Türkmenistanyň hökümetiniň geçirýän özgertmelerine goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.